Günorta Gaz koridory durmuşa geçirilýär

Günorta Gaz koridorynyń düýbi tutuldy

133340
Günorta Gaz koridory durmuşa geçirilýär

Aziýa bilen Ýewropany Türkiýe arkaly birleşdirjek Günorta Gaz koridory durmuşa geçirilýär.
Azerbaýjanyń paýtagty Bakuwda geçirlen dabarada Günorta Gaz koridorynyń düýbi tutuldy.
Taslama degişli ýurtlaryń liderleri dabara gatnaşmak üçin Bakuwa bardy.
Dabarada Türkiýä Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz wekilçilik etdi.
Azerbaýjanyń Prezidenti İlham Aliýew dabarada eden çykyşynda Günorta Gaz koridory taslamasynyń Ýewropanyń energetika howpsuzlygy taýdan möhümdigini aýtdy.
Azerbaýjan bilen Türkiýäniń arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyń her bir ugurda halkara hyzmatdaşlyga öwrüljekdigini aýdan Aliýew “Gaz sebapli täze halkara bileleşik döreýär we ahyry ońyn netije alynar. Ýolumyz açyk bolsun” diýdi.
Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz hem Türkiýäniń giń geografiýada energetika howpsuzlygynyń ýola goýulmagy üçin täsirli syýasat alyp barýandygyny nygtady.
Çykyşlardan soń Türkiýäniń üsti bilen Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etjek Günorta Gaz koridorynyń düýbi taslama degişli ýurtlaryń liderleri tarapyndan Sengaçalda tutuldy.
Taslama Azerbaýjanyń Şahdeniz käninden çykaryljak 1,2 trillion kub metrlik ätiýaçdaky gazyń Türkiýäniń üsti bilen Ýewropa akdyrylmagyny göz öńünde tutýar.
3500 kilometrlik taslamada ilkinji gaz 2018-nji ýylda Türkiýede akdyrlar we soń Ýewropa ýetirler.
İlkinji tapgyrda turba geçiriji arkaly ýylda 100 milliard kub metrlik gaz Ýewropa akdyrlar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar