Zeýbekji "Gümrük bileleşigi biziň üçin dowam etmän biler"

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji erkin söwda şertnamasyny baglaşmaga taýarlyk görýän ÝB-ne we ABŞ-na duýduryş berdi

130736
Zeýbekji "Gümrük bileleşigi biziň üçin dowam etmän biler"

Zeýbekji “Bizsiz gol çekip, güýje girizen halatyňyzda gynanmak bilen aýdýaryn, Gümrük bileleşigi biziň üçin dowam etdirilmesi mümkin bolman biler” diýdi.

İzmirdäki Ege Erkin sebitinde “Täze döwürde Türkiýe, ABŞ we ÝB perspektiwasy” temaly maslahata gatnaşan Nihat Zeýbekji, 2017-nji ýylyň başynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän erkin söwda şertnamasy barasynda garaýyşlaryny beýan etdi.
Zeýbekji “Gümrük bileleşigi şertnamasynyň çägine degişli ugurlar boýunça ABŞ Türkiýe bilen bagly hukuklara öz özünden eýe bolýan bolsa, Türkiýe ABŞ bilen bagly hukuklarda hiç zada eýe bolup bilmeýär. Bu söwda we ykdysady taýdan Türkiýäniň Amerika taýdan basylyp alynmagy diýmekdir” diýdi.
Zeýbekji, şertnama Türkiýäniň hem degişli bolmagy üçin Amerikada we Ýewropada gepleşikler geçirendiklerini nygtady.
Türkiýäniň häzirki wagtda 21 ýurt bilen erkin söwda şertnamasyna eýedigini ýatladan Zeýbekji, Russiýa bilen hem ýylyň ahyryna çenli islege bagly söwda şertnamasyna gol çekişiljekdigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar