Zeýbekçi Russiýanyń Ykdysadyýet ministri Ulýukaýew bilen duşuşdy

Zeýbekçi Russiýa bilen edilýän ykdysady gatnaşyklara hem uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy

129329
Zeýbekçi Russiýanyń Ykdysadyýet ministri Ulýukaýew bilen duşuşdy

Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi ABŞ-nyń we ÝB-niń Russiýa goýan embargosynyń Russiýanyń Türkiýe bilen edýän söwda gatnaşyklaryna ýaramaz täsirini ýetirmändigini aýtdy
Nihat Zeýbekçi Stambulda Russiýanyń Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew bilen duşuşdy.
Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi iki ýurduń arasyndaky buýrokratik çäklendirmeleriń bes edilmegi barasynda pikir alyşandyklaryny nygtady.
Türkiýäniń ÝB-nden ýüz öwürip bilmejekdigine ünsi çeken Zeýbekçi, Russiýa bilen edilýän ykdysady gatnaşyklara hem uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy.
Nihat Zeýbekçi iki ýurduń arasyndaky söwda-da Türk lirasy bilen Rublyń ulanylmagynyń ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi


Etiketkalar:

Degişli Habarlar