5-nji maliýe maslahaty öz işini tamamlady

Bütindünýä maliýe merkezlerinden biri bolmagy maksat edinýän Stambul 5-nji maliýe maslahatyna ýer eýeçiligini etdi

128627
 5-nji maliýe maslahaty öz işini tamamlady

10 ýurtdan dünýäniň ykdysadyýetini ugrukdyrýan syýasatçylaryň, işewür adamlarynyň we býuokratlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda özüş we nagt ýetmezçiligi barada pikir alyşyldy.
Maslahatda “Türkiýede durnukly ösüş üçin düýpli özgertmeleriň dowam etmelidigi” baradaky garaýyş goldandy.
Wise-premýer Ali Babajan ýokary hili özüş üçin ähli ugurlarda düýpli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigini aýtdy.
Maliýe ministri Mehmet Şimşek bolsa “parasatly ösüş üçin nagt ýetmezçiliginiň durnukly bolmalydygyna” ünsi çekdi.
Ministr Şimşek “Geljek ýyl bilen bagly howplar bar. sebitimizde Ýakyn Gündogarda uly kynçylyklar, durnuksyzlyklar bar. Ol hem Türkiýäniň ykdysadyýetini aşakladýar. Geljek ýyldaky ösüş görkezijileri aşaklap biler” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar