Kastamonuda türkmen talyplarynyň şowhunly çykyşy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynasybetli çäreler geçirildi. Şeýle hem, çäreleriň çäginde Hormatly Prezidentimiziň eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi, türkmen talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly dabaralar guraldy we türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Kastamonuda okaýan türkmen talyplary milli türkmen tansy Küşdepdini uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.