Türkmenistanyň ýygyndysy—umumytoparlaýyn hasapda ýeňiji!

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary (33 medal) umumytoparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldy. Ýer eýelerinden soň Aziýanyň çempionatynda ikinji orny Ýaponiýanyň ýygyndysy (bäş altyn medal) eýeledi. Birleşen Arap Emirlikleriniň (üç altyn medal) türgenleri bolsa hormatly üçünji orny eýelemegi başardylar. 

Mälim bolşy ýaly, jiu-jitsu şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu geçen ýaryş Türkmenistanyň ýygyndysynyň taýýarlyk derejesiniň oňatdygyny, şeýle hem toplumlaýyn ýaryşlaryň geçiriljek ýeri bolan sport desgasynyň ýokary hilini tassyklady.