Türkiýäniň Türkmenistandaky Täze Ilçisi Wezipesine Girişdi

Türkiýäniň Türkmenistandaky täze Ilçisi Ahmet Demirok ynanç hatyny Prezident Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.

2086094
Türkiýäniň Türkmenistandaky Täze Ilçisi Wezipesine Girişdi
TKM-TR-2.jpeg
TKM-TR-3.jpeg
TKM-TR-4.jpeg

TRT-ä beýannama beren Demirok döwlet Ýolbaşçylarynyň liderliginde iki ýurduň gatnaşyklarynda bar bolan uly potensialy herekete geçirjekdiklerini aýtdy.

Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi Ahmet Demiroky kabul etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklara ünsi çeken Berdimuhamedow, halkara we sebitleýin guramalaryň çäginde hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini beýan edip, Ilçä täze wezipesinden üstünlik arzuw etdi.

Ilçihanada beýannama beren İlçi Demirok duşuşygyň örän gyzgyn geçendigini aýtdy.

Ahmet Demirok: “Şu gün ynanç hatymy Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa gowşuryp, wezipäme girişdim. Gysga möhletde meni kabul edendikleri üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Duşuşygymyz örän gyzgyn atmosferada geçdi. Hormatly Prezidentimiziň we Hormatly ministrimiziň mähirli salamlaryny onuň aly jenaby Berdimuhamedowa ýetirmäge mümkinçilik tapdym” diýdi.

Ilçi Demirok iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň liderliğinde gatnaşylkary hasam ösdürjekdillerini beýan etdi.



Degişli Habarlar