Jewdet Ýylmaz Türkmenistan-Türkiýe İşewürlik Maslahatyna Gatnaşdy

Ýylmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen Aşgabatda Türkiýe-Türkmenistan Işewürlik Maslahatyna gatnaşdy.

2073444
Jewdet Ýylmaz Türkmenistan-Türkiýe İşewürlik Maslahatyna Gatnaşdy
TKM Cevdet Yılmaz 2.jpeg
TKM Cevdet Yılmaz 3.jpeg
TKM Cevdet Yılmaz 4.jpeg

Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen Aşgabatda geçirlen Türkiýe-Türkmenistan Işewürlik Maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda çykyş eden Ýylmaz türk ykdysadyýeti hakynda möhüm ýüzlenmeler berip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň artmagyna kanagatlanma bildirdi.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Türkiýe-Türkmenistan Işewürlik Maslahaty geçirildi. Maslahata Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen köp sanly işewür gatnaşdy. Ýylmaz süňk doğanlyğyna esaslanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejeli saparlar bilen depgininiň güýçlenendigini nygtady.

Türk ykdysadyýeti hakynda maglumat beren Ýylmaz, ýer titreme betbagtçylygyna we dünýädäki söwda gatnaşyklarynyň aşaklamagyna garamazdan türk ykdysadyýetiniň soňy 20 ýylda ýyllyk ortaça 5,4 göterim ösendigini nygtap, inflýasiýa garşy egilşiksiz göreşilýändigini beýan etdi.



Degişli Habarlar