Jewdet Ýylmaz Türkmenistana Gider

Prezidentiniň Orunbasary Jewdet Ýylmaz “Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara Ykdysady Toparyň Maslahatyna” gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder.

2072852
Jewdet Ýylmaz Türkmenistana Gider

Ýylmaz ertirki saparynyň çaginde Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar.

Türkmenistanyň Garaşsyz ýadygarligine baryp görjek Ýylmaz, Türkmenistan Söwda we senagat birleşmesinin Sergi merkezinde geçiriljen 10-njy Türk eksport önümleriniň sergisiniň açylyşyna gatnaşar.

Jewdet Ýylmaz Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen özara duşuşygyndan soň “Türkiýe-Türkmenistan Hökümetara Ykdysady Toparyň Maslahatyna” ýolbaşçylyk eder we toparyň teswirnamasynyň gol çekiş dabarasyna gatnaşar.

Türk-Türkmen İşewürlik maslahatynyň açyşyşynda çykyş etjek Ýylmaz, soň          “Arkadag” akylly şäherine Halkara Ahal-teke atçylyk kompleksine baryp görer.



Degişli Habarlar