Aşgabatda Türkiýäniň Dokma Atlasy Sergisi Geçirildi

Türkiýäniň medeniýet günlerinin çäginde Aşgabatda Türkiýäniň dokuma atlasy sergisi guraldy.

2067098
Aşgabatda Türkiýäniň Dokma Atlasy Sergisi Geçirildi
TKM Sergi 2.jpeg
TKM Sergi 3.jpeg
TKM Sergi 4.jpeg
TKM Sergi 5.jpeg

Medeniýetleriň sallançagy Anadolyda ösen dokmaçylyk sungaty, döwrebap dizaýnlar bilen jebisleşdi, tikilen ajaýyp egin-eşikler gatnaşyjylaryň göwnünden turdy.

Türkmenistanyň Döwlet Amaly-haşam sungatlary akademiýasynyň, Türkiýäniň Aşgabatdaky İlçihanasynyň we Stambulyň Beýlerbeýi Sabanjy Kämilleşdiriş institutynyň guramagynda Aşgabatda Türkiýäniň Dokuma atlasy we sergisi geçirildi. Çärä diplomatlar, moda öýleriniň ýolbaşçylary, talyplar we mugallymlar gatnaşdylar.

Çärede Türkiýäniň dürli etraplaryndan getirilen we tebigy önümlerden dokalan matalar sergilendi, soň milli el stanoklarynda ilmek-ilmek dokalan egin-eşikler sergilendi.

Çäräniň iki ýurduň moda öýleriniň arasynda bilelikdäki taslamalaryň taýýarlanmagyna goşant goşmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar