Daşary Işler Ministri Fidan, Türkmenistanda Saparda Boldy

Hakan Fidan Türkmenistana iş saparyny gurady.

2049501
Daşary Işler Ministri Fidan, Türkmenistanda Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistana iş saparyny gurady.

Ministr Hakan Fidan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Daşary işler ministri Fidan soň bolsa türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň topara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda, söwda, energetika, parlamentara hyzmatdaşlyk, bilim, medeniýet we konsüllük işleri boýunça edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fidan bilen Meredow duşuşykda, Türkmenistanyň Prezidenti Berdimuhamedowyň üstümizdäki aýyň ahyrynda Türkiýä gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdy.



Degişli Habarlar