Özbek we Täjik Liderler Aşgabada Geldiler

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Täjigistanyň döwlet Ýolbaşçysy İmomali Rahmon Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine geldiler.

2020237
Özbek we Täjik Liderler Aşgabada Geldiler
Türkmen-Özbek.jpg
Türkmen-Tacik.jpg

Mirziýoýew Rahmon Türkmenistan-Täjigistan-Özbegistan üçtaraplaýyn Liderler Sammitine gatnaşarlar.

Myhman döwlet ýolbaşçylary Aşgabat howa menzilinde Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar.

Goňşy ýurtlaryň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegibilen jemgyýetçilik we ykdysady galkynyş potensialynyň iş ýüzüne geçirilmegi maksady bilen guralan Aşgabat Sammitinde söwda, ykdysady, syýasy we medeni ugurlarda birnäçe ylalaşyga gol çekişilmegine garaşylýar.

Üç ýurduň strategik hyzmatdaşlygy ösdürjek sammitiň Orta Aziýada parahatçylygyň, durnukçylygyň we eşretli ýaşaýyşyň ösmegine goşant goşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar