Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda Saparda Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny kabul etdi

1971426
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda Saparda Boldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary belläp, türkmen tarapynyň biziň halklarymyzyň dostlugynyň we ýakynlaşmagynyň köprüsi hökmünde çykyş edýän bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar