Meredow Bilen Blinken Astanada Duşuşdy

"Maslahat, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna itergi berer"

1953095
Meredow Bilen Blinken Astanada Duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlen Orta Aziýanyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.

ABŞ tarapyndan duşuşyk hakynda berlen beýannama görä, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän hyzmatdaşlygyň buýsandyryjydygyny nygtap, Türkmenistan bilen sebitleýin howpsuzlyk, howa çalşygy, ykdysady galkynyş we demokratik gymmatlyklar meselelelerini ara alyp maslahatlaşmak isleýändiklerini ýatlatdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Meredow hem maslahatyň, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna itergi berjekdigini nygtady.

Meredow, iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary we howpsyzlyk meselelerini gysga wagtda giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp biljekdiklerini belledi.

 

 



Degişli Habarlar