Meredow bilen Çawuşoglu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

1943071
Meredow bilen Çawuşoglu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Çawuşoglunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkiýedäki köp sanly adamyň ölmegine we ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesi bilen baglanyşykly türk kärdeşine duýgudaşlyk we goldaw bildirdi.

R.Meredow pida bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirdi, ýaralananlara tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.(TDIM)



Degişli Habarlar