Raşid Meredow Ankarada Saparda Bolýar

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän esasy halkara teklipleri goldaýandygyny beýan etdi.

1912007
Raşid Meredow Ankarada Saparda Bolýar

Meredow we türk kardeşi Mewlüt Çawuşogly Ankarada geçiren duşuşygyndan soň bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar boýunça pikir alyşandyklaryny beýan eden Meredow, sebitleýin we halkara meseleleri seljerendiklerini aýtdy.

R. Meredow iki ýurduň eýe bolan potensiýalyny herekete geçirmek boýunça ylalaşandyklaryny beýan edip, halkara guramalardaky hyzmatdaşlyklara ünsi çekdi we Türkmenistanyň soňky 15 ýylda BMG-niň Baş Assambleýasyna hödürläň 17 teklibine Türkiýäniň goldaw berendigini aýtdy.

Beren goldawy üçin Türkiýä sagbolsun aýdan Meredow; “Türkmenistan we Türkiýe häzirki döwürde möhüm halkara syýasat ugurlarynda birmeňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlary beýan edýär. Türkiýe Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän esasy halkara teklipleri elmydama goldaýar. Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna we halkara tekliplerine ýakyn goldawlary üçin türk doganlarymyza ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Biz mundan beýläk hem halkara guramalarda özara goldaw syýasatymyzy dowam etdirmek boýunça ylalaşdyk” diýdi.

Raşid Meredow Türkmenistanyň hem Türkiýäniň halkara guramalardaky insiatiwalaryny we tekliplerini goldaýandygyny nygtap, Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň Stambuldaky maslahatynda gurama synçy agza bolandygyny ýatlatdy.

Türkmenistanda geçiriljek Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan döwlet ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn maslahaty hakynda durup geçen Meredow, üç ýurduň şu halkara formatdan gowy netijeler aljakdygyny beýan edip; “Türkmenler, azerbaýjanlylar we türkler, bilelikde uly işleriň hötdesinden geleris” diýdi.



Degişli Habarlar