Türkmenistanda Garaşsyzlyk Baýramy giňden bellenilip geçilýär

Türkmenistan Garaşsyzlyk Baýramynyň 31 ýyllygyny giňden belläp geçýär

1885270
Türkmenistanda Garaşsyzlyk Baýramy giňden bellenilip geçilýär
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (2).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (3).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (4).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (5).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (6).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (7).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (8).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (9).jpg
Türkmenistan Bağımsızlığını Şenliklerle Kutluyor (10).jpg

Ahal welaýatynda geçirilýän çärelere we konserde Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.

Çäreleriň çäginde türkmen halkynyň medeni mirasy bilen bagly sergiler açyldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatyndaky Ak Öý diýip atlandyrylýan türkmenleriň Ak köşgünde şüweleňler geçirildi, baýram mynasybetli konsert berildi.

Çärelere hökümet agzalary bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustan Minnihanow başda bolmak bilen köp sanda myhman gatnaşdy.

Milli çadyrlaryň gurulan şüweleň meýdançasynda däp-dessurlaryň sahnalaşdyrylan milli halk oýunlary ýerine ýetirildi. Milli miras we şöhratly taryh barada dürli çykyşlar ýerine ýetirildi, ýaşlar hiňňildikde uçdylar.

TRT-niň Aşgabat şäherindäki wekili, Ugur Sami Gezer: “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dünýä meşhur Ahal Teke türkmen atlarynyň çykyşlary boldy” diýip habar berdi.  

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy Pygy Baýramdyrdyýew: “Gözel ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyz üçin biz hem öz gezegimizde biri-birinden tapawutly çykyşlar taýarladyk. Myhmanlarymyzyň jennet atlarymyza bolan gyzyklanmasyndan örän hoşal bolduk” diýip belledi.

Uly gazanlarda taýarlanan, Nowruza mahsus semeni datlysy, çärä gatnaşan myhmanlara hödür-kerem edildi. Dabarada taryhy oba hojalyk gurallaryndan el sungadyna çenli bolan türkmen halkynyň ähli medeni mirasy sergilendi.

Ondan soň bolsa Ak Öýüň içine geçildi. Ýurduň tanymal sungat işgärleri baýramçylyk konserdini berdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler bilen bagly köp sanda aýdym-saz ýerine ýetirildi.



Degişli Habarlar