Türkmenisanyň Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew Türkmenistanyň Lideri Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

1876949
Türkmenisanyň Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
TDT 2.jpg
undefined
undefined

Duşuşuşykda Gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşyldy.

Türkmenistan bilen Türki döwletleriň guramasynyň arasynda Halkara kombinirlenen ýük gatnawy, Ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi, Hyzmatlarda we maýa goýumlarda erkin söwda we Türki maýa goýum gaznasy ýaly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça köp sanly ylalaşyk bar.

Şol ylalaşyklarda ýetilen sepgidi ara alyp maslahatlaşmak üçin Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary B.Amreýew öňňin Aşgabada resmi sapar gurady. Baş sekretar ilki Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Soň Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň lideri umumy dile, taryhy geçmişe, medeniýet eý ebolan doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirşmeginde guramanyň möhüm işleri durmuşa geçirýändigini aýtdy. Baş sekretar bolsa Türkmenistanyň Liderine Guramanyň 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkantda geçiriljek sammitine görülýän taýýarlyklar hakynda maglumat berdi.

Duşuşykda energetikadan ulaglar pudagyna, söwdadan ykdysady gatnaşyklara çenli strategik ugurlarda guramanyň çaginde alynyp barylýan bilelikdäki taslamalar hakynda pikir alyşyldy.



Degişli Habarlar