Aşgabatda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bellenilip geçildi

Türkmenistanda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçildi

1829375
Aşgabatda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bellenilip geçildi
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı (2).jpg
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı (3).jpg
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı (4).jpg
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı (5).jpg
19 Mayıs Bayramı Aşkabat’ta Coşkuyla Kutlandı (6).jpg

Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynda we Türkmen-Türk mekdebinde 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçildi.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Atatürk ýadygärliginiň öňünde geçirilen hatyralama çäresine Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň geňeşçisi Gülşah Jumurju bilen birlikde Türkmenistanda iş alyp barýan guramadyr-edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Atatürkiň ýadygärligine gül desseleri goýulanyndan soň hormatly dymyşlyk edildi we iki ýurdyň Milli senalary ýaňlandy.

Ondan soň Türkmen-Türk mekdebine geçildi we ol ýerde Atatürkiň ýaşlara miras goýup giden bu möhüm gün mynasybetli çäre geçirildi. Dabarada Gülşah Jumurju çykyş etdi. Atatürkiň Garaşsyzlyk göreşini başlatmak maksady bilen “Ýa Garaşsyzlyk! Ýa Ölüm” diýip 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsuna çykandygyny habar berdi. Gazanylan Respublikany hem ýaşlara miras goýup gidendigini belledi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Konstitutsiýa we Döwlet Baýdak gününi hem gutlan Gülşah Jumurju, iki ýurdyň doganlyk halklary üçin Garaşsyz we bagtyýar ýyllar dileg etdi.

Ondan soň bolsa türk we türkmen okuwçylar Rize we Trabzon welaýatlaryna degişli bolan halk tanslaryny üstünlik bilen ýerine ýetirdiler, Orta Aziýa degişli milli tanslara hem uly şowhun bilen tomaşa edildi.

Dabaraly çäre şygyrlaryň okalmagy we Atatürkiň halan aýdymlarynyň seslendirilmegi bilen dowam etdi. Çäräniň ahyrynda okuwçylar we mugallymlar sport çärelerine gatnaşdylar.



Degişli Habarlar