Aşgabatda Türkmen-Türk mekdebiniň uçurymlarynyň dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmen-Türk mekdebiniň 2022-nji ýyldaky uçurymlarynyň dabarasy geçirildi

1823994
Aşgabatda Türkmen-Türk mekdebiniň uçurymlarynyň dabarasy geçirildi
Aşkabat Ortak Türkmen-Türk Okulu 2022 Yılı Mezunlarını Verdi 2.jpg
Aşkabat Ortak Türkmen-Türk Okulu 2022 Yılı Mezunlarını Verdi 3.jpg
Aşkabat Ortak Türkmen-Türk Okulu 2022 Yılı Mezunlarını Verdi 4.jpg

1998-nji ýyldan bäri Türkiýäniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliklerine degişli bolan Aşgabatdaky umumy Türkmen-Türk medebinde 2022-nji ýylyň uçurymlarynyň dabarasy geçirildi.

Mekdebiň liseý bölüminden uçurym bolup, täze durmuşa gadam basjak ýaşlaryň gutardyş dabarasy giňden bellenilip geçildi.

2022-nji ýylda uçurym boljak ýaşlar üçin mekdebiň howlusynda dabara geçirildi. Dabara Türkiýäniň Aşgabat şäherindäki ilçihananyň geňeşçisi Gülşah Jumurju, ilçihananyň Bilim boýunça geňeşçisi Mustafa Kirazogly, mugallymlar, ene-atalar we okuwçylar gatnaşdylar.

Aşgabatda Türkmen-Türk mekdebiniň 2022-nji ýyldaky uçurymlarynyň dabarasy geçirildi. Şu ýyl 32 okuwçy mekdepden uçurym boldy.

Türk-Türkmen Anadoly liseýiniň howlusynda geçirilen dabara hormatly dymyşlyk we iki ýurdyň milli senalaryň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Gülşah Jumurju dostlugyň we doganlygyň ojagy bolan bu mekdepde, okuwlaryny üstünlikli tamamlan ýaşlaryň, mundan soň iki doganlyk ýurdyň ilçileri hökmünde ýaşaýan jemgyýetlerine goşant goşjakdyklaryny beýan etdi. Uçurym bolan ähli ýaşlara durmuş ýolagçylyklarynda üstünlikler arzuw etdi.

Dabarada okuwçylar tarapyndan ýerine ýetirilen Küşdepdi tansy uly gyzyklanma bilen tomaşa edildi.

Topar görnüşinde “Erik Şahasy” atly halk oýunlaryny ýerine ýetiren ýaşlar gutardyş dabarasyny uly şowhun bilen belläp geçdiler. Ondan soň gutardyş kitabyna mekdebi 1-nji bolup tamamlan Ipek Juma Myradowa tarapyndan plastinka ýerleşdirildi. Soň bolsa Baýdak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Uçurym bolan ýaşlar baýdagy özlerinden soňky synpa gowşurdylar. Uçurym bolmagyň şatlygy, mekdebi gutarmagyň gussasyny başlaryndan geçiren okuwçylar, 4 ýyllyk okuwlaryndan soň şahadatnamalaryny aldylar.



Degişli Habarlar