Türkmen we tatar liderler Aşgabatda duşuşyk geçirdiler

Geçirilen duşuşykda iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy

1817806
Türkmen we tatar liderler Aşgabatda duşuşyk geçirdiler
Türkmen ve Tatar Liderler Aşkabat’ta Bir Araya Geldi 1.jpg
Türkmen ve Tatar Liderler Aşkabat’ta Bir Araya Geldi 2.jpg

Türkmen Bedewiniň milli baýramy bilen bagly dabaralara gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respbulikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Geçirilen duşuşykda iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk meseleleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow, Türkmen Bedewiniň milli baýramy bilen bagly dabaralara gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respbulikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Iki ýurdyň arasyndaky esasan hem söwda we senagat ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berýändiklerini aýdan Serdar Berdimuhamedow, ikitaraplaýyn bähbide we ynama esaslanýan hyzmatdaşlygyň geriminiň geňeldiljekdigini beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respbulikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň ynamdar maýa goýum gurşawyny hödürleýändigini, Tatarystanyň işewür dünýäsiniň geljegi uly bolan türkmen bazaryndaky ornuny güýçlendirmek isleýändigini habar berdi.

Duşuşykda ýangyç we energetika pudagy, transport we aragatnaşyk, söwda we ykdysadyýet ulgamlary, oba hojalyk, ylma esaslanýan döwrebap tehnologiýalar, işewürlik gurluşlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi barada karara gelindi. Maşyn gurluşyk, nebit önümçiligini artdyrmak we nebit himiýa senagatlarynda hem hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýan edildi.

Geçirilen duşuşykdan soň türkmen we tatar liderler, Türkmen Bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdylar, senetçilik bilen bagly sergilere we  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa etdiler.



Degişli Habarlar