Raşid Meredow Hindi we Urdy Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşyldy

1767970
Raşid Meredow Hindi we Urdy Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeş Boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň  bilen telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle hem taraplar soňky ýyllarda ýokary döwlet derejesinde, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind hem-de Premýer-ministri Narendra Modi bilen duşuşyklarynyň we telefon arkaly gepleşikleriniň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp geçdiler.

Bu ugurda ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň depgini barada pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede bu hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn günlerde wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ilkinji “Merkezi Aziýa-Hindistan” Sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berdiler.

R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen bolsa şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdinde özara hereketleriň pugtalandyrylmagy babatynda bu forumyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň käbir meselelerine hem seredilip geçildi. Ýokary döwlet derejesindäki gepleşikleriň, ilkinji nobatda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa ornaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. 

Şu nukdaýnazardan, ministrler Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan iş ýüzündäki meselelere aýratyn üns berdiler.



Degişli Habarlar