Türkmenler öz toý däplerini gorap saklaýarlar

Türkmenleriň toý däpleri goralyp saklanýar

1761878
Türkmenler öz toý däplerini gorap saklaýarlar
Türkmen Düğün Gelenekleri Yaşatılıyor 2.jpg
Türkmen Düğün Gelenekleri Yaşatılıyor 3.jpg
Türkmen Düğün Gelenekleri Yaşatılıyor 4.jpg

Türkmenler gadymy toý däplerini döwrebap toý dessurlary bilen birleşdirip adatlaryny dowam etdirýärler.

Toýlar esasan hem tomus aýlaryndan zyýada işleriň azalan mahallary bolan güýz we gyş aýlarynda edilýär.

Türkmen halkynyň toý däplerinde halky aýdym-sazlary, oýunlar we biri-birinden tapawutly dessurlar ýerine ýetirilýär. Ýaş nesil däp-dessurlary dowam etdirip, milli mirasyny goramaga dowam edýär.

Geliniň egin-eşigi, gyýmasyndaky konserwatiwligi bilen ünsleri özüne çekýär. Ilki bilen Çabyt geýdirilýär, soň bolsa Börük geýdirilýär, soň bolsa ulylara hormat goýmak manysynda geliniň agzy ýaşmak bilen ýapylýar. Geliniň üstünede Kürte diýip atlandyrylýan geýim geýdirilýär. Bu onuň täze gelindigini alamatlandyrmak bilen birlikde, ýüzüni hem gözden-dilden goraýar. Geliniň döşünde bolsa birnäçe hatar görnüşinde bolan nagyşly, kümüşden şaý-sepler bar. Gelin ýörän mahaly kümüş şaý-seplerden çykýan sesler ynanja görä gözelligi taýdan özüne çekýän erbet zatlary uzaklaşdyrýar.

Öňler gelin atlylaryň ýoldaşlyk etmeginde kerwen görnüşinde öýünden alynyp gaýdylýan bolsa, häzirki wagtda atlaryň ýerine bezelen ulag kerwenleri ulanylýar. Ýaş çatynjalary nika sanawyna bolsa Aşgabat Bagt köşgünde girýärler.

Gelin öýlenýän ýigidiň öýüne gelen mahaly oglanyň garyndaşlary tarapyndan bagtynyň açyk bolmagy üçin aýat-töwir okalýar. Durmuşlary bereketli bolmaklary üçin bolsa geliniň bir eli ýaga, beýleki eli bolsa una batyrylýar. Ýanyna bolsa kiçijek çaga oturdylýar we öýlenýän ýigidiň enesi-atasy şeýle etmek bilen gelinden agtyk isleýändiklerini belleýärler.

Gündiz däp-dessura görä geçýän adatlardan soň agşam bolsa döwrebap toý çäresi bolýar. Milli egin-eşikler çykarylýar, döwrebap egin-eşikler geýilýär, toý mekanlarynda gelen myhmanlara biri-birinden lezzetli tagamlar hödür-kerem edilýär. Tanslaryň ýoldaşlyk etmeginde şüweleňli toý geçirlýär.



Degişli Habarlar