Orta Aziýa ýurtlary bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar

Maslahatda Hindistan bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy

1750046
Orta Aziýa ýurtlary bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar
Orta Asya Ülkeleri ile Hindistan Arasında İşbirliği 2.jpg
Orta Asya Ülkeleri ile Hindistan Arasında İşbirliği 3.jpg
Orta Asya Ülkeleri ile Hindistan Arasında İşbirliği 4 .jpg
Orta Asya Ülkeleri ile Hindistan Arasında İşbirliği 5.jpg

Minstrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, Täze Deli şäherinde geçirilen Hindistan-Orta Aziýa Dialogynyň 3-nji Ministrler maslahatyna gatnaşdy.

Maslahatda Hindistan bilen Orta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşyldy.

Hindistanyň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen maslahata Türkmenistan bilen birlikde Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan döwletleriniň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Maslahatda gowy goňşuçylyk gatnaşyklary bolan Hindistan bilen Orta Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda mukdarynyň nähili ýagdaýda artdyrylyp bilinjekdigi barada pikir alyşyldy. Önümleriň we hyzmatlaryň erkin dolanşygy meselesi boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlygyň sebitiň parahatçylygyna, howpsuzlygyna, durnuklylygyna, dowamly ykdysady galkynyşyna we sebitiň abadançylygyna goşant goşjakdygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow, alty döwletiň arasyndaky dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň durnukly ýagdaýda özgerýändigini we esasan hem derman, ylym tehnologiýasy, oba hojalyk, energetika, dokma senagaty ýaly pudaklardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine ünsleri çekdi.

Maslahatda Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşyldy. Ýurdyň territorial bütewiligine hormat goýmagyň esasyndaky durnukly özüşine goldaw berildi. Kowid-19-yň öňüniň alynmagy maksady bilen görülýän öňüni alyş çärelerindäki umumy pozisiýanyň üstünde durulyp geçildi.

Ýanwar aýynda Premýer ministr Narendra Modiniň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek Hindistan Respublikasynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara Orta Aziýanyň 5 ýurdunyň liderleriniň gatnaşjakdygy habar berildi.



Degişli Habarlar