Türkmenistanda Köp Çagaly Maşgalalara Kömek Berildi

Dünýäde Kowid-19 pandemiýasynyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri dowam edýärkä sosial üpjünçilik ulgamlarynyň goldanmagy möhüm ähmiýete eýe bolmagynda galýar.

1747935
Türkmenistanda Köp Çagaly Maşgalalara Kömek Berildi
TKM 15.12.21 1.jpg
TKM 15.12.21.jpg

Türkmensitanda köp çagaly malgalaryň ýoksullykdan we maddy kynçylyklardan goralmagy maksady bilen kanunlara üýtgetmeler girizildi.

Dünýäniň başga ýurtlaryna görä Kowid-19 pandemiýasy Türkmenistanda ýüze çykmadyk hem bolsa, ýurtda ýaşaýan köp çagaly maşgalara goldaw bermek üçin kanunçylyga üýtgetmeler girizildi.

Şol çäkde 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap ene-atasyny ýitiren dört we dörtden köp çagaly maşgalalar bilen “Ene mahri” derejesine eýe bolan eneleriň aýlyk kömek serişdeleri 30 göterim ýokarlandyryldy.

Şeýlelikde ýetim çagasy bolan maşgalalara 1558 manat döwlet kömegi beriler. Sosial döwlet düşünjesine laýyklykda köp çagaly maşgalalara hem birinji çaga aýlyk 507 manat mukdarynda beriljek kömek, her bir çagada artdyrylar we sekizinji çaga dünýä inende 4680 manat kömek serişdesi beriler. “Ene mähri” diýilýän hormatly ada eýe bolan eneler bolsa 52 ýaşynda hormatly dynç alyşa çykmaga hukuk gazanarlar.

Türkmenistanda 2008-nji ýylyň 3-nji martynda çykarylan karara laýyklykda çaga doguran we 8 çagany ösdürip ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýilýän hormatly at dakylýar. Şol ada eýe bolan eneler täze kanuna laýyklykda has ir hormatly dynç alyşa çykarlar we sosial üpjünçilikleri ýokarlandyrylar.

 



Degişli Habarlar