ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özgerýär

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso Aşgabat şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi

1742753
ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary özgerýär
türkmenistan AB elçi 2

Türkmenistanyň metbugatyna beýanat beren ilçi Alonso, Türkmenistanyň Ýewropanyň bazaryny türkmen gazy bilen üpjün edip biljekdigini we energetika bazarlaryndaky ýagdaýa täsir ýetirip, bahalary kadalaşdyryp biljekdigini habar berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Türkmenistanyň metbugatyna beýanat beren ilçi Alonso, ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitjekdigini, şol çäkde Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirmegi meýilleşdirýän 2022-nji ýyl üçin maksatnamanyň bardygyny mälim etdi.

Geçen birnäçe gün ozal Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna agza bolmak üçin ýüz tutmagynyň dogry karardygyny aýdan ilçi, Bütindünýä Söwda guramasyna agza bolmagynyň bazarlaryň açylmagyna we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň global ykdysadyýet bilen integrasiýasyna iterjekdigini beýan etdi.

ÝB-niň 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyň zyňyndylaryny azaltmagy ýa-da dolulygyna ortadan aýyrmagy maksat edinýän täze bir energiýa syýasatynyň bardygyny aýan etdi. ÝB-ne agza ýurtlaryň özxnığ uglewodorod çeşmeleriniň bolmanlygy sebäpli, zerur bolan uglewodorod çeşmelerini import edýändigini, şol sebäpli energiýa bahalarynyň hem artandygyny mälim etdi. Bir gaz öndüriji hökmünde Türkmenistanyň Ýewropanyň bazaryny tebigy gaz bilen üpjün edip biljekdigini we energiýa bazarlaryndaky ýagdaýa täsir ýetirip bahalary kadalaşdyryp biljekdigini beýan etdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilen 15-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäginde gol çekişlen üçtaraplaýyn gaz ylalaşygy bilen Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa ýurtlaryna gaz eksportynyň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar