Atawatan Türkmenistanyň Orta Aziýadaky abraýy günsaýyn has hem artýar

Atawatan Türkmenistanyň Orta Aziýadaky ýyldyzy günsaýyn has hem parlaýar

1738830
Atawatan Türkmenistanyň Orta Aziýadaky abraýy günsaýyn has hem artýar
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (1).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (2).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (3).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (4).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (5).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (6).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (7).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (8).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (9).jpg
Atavatan Türkmenistan’ın Orta Asya’da Yıldızı Her Geçen Gün Parlıyor (10).jpg

Ýüpek ýolunyň kalbynda ýerleşýän, energiýa çeşmelerine baý bolan Atawatan Türkmenistanyň sebitdäki abraýy günsaýyn has hem artýar.

Orta Aziýada transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan möhüm sammite ýer eýeçiligini etmäge taýarlyk görýär.

Prezident Erdogan bilen birlikde 10 ýurdyň Döwlet baştutanyny bir ýere jemlejek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti 28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Guramanyň döwürleýin balşyklygyny alyp barýan Atawatan Türkmenistany geliň has ýakyndan tanalyň.

1991-nji ýylda SSSR-yň dargamagyndan soň Garaşsyzlygyna eýe bolan Türkmenistan Hazar deňiziniň gündogarynda beýik nebit we gaz gorlaryna eýe bolan bir ýurtdyr. 

 

Türkmenistanyň Energiýa Çeşmeleri

Türkmenistanda baý uglewodorod ýataklary bar.

Tebigy gaz ätiýajy boýunça dünýäde ilkinji 5 ýurdyň hatarynda durýan Türkmenistanda, energiýa çeşmeleri ýurdyň iň möhüm girdeji çeşmelerini emele getirýär. Häzirki wagtda türkmen gazyny iň köp Hytaý we Russiýa sarp edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, köp ugurly geçiriji ulgamlaryň emele getirilmeginiň Türkmen döwletiniň energiýa syýasatynyň esasy ugruny emele getirýändigini beýan edýär.

 

Türkmenistanyň Energiýa Çeşmeleri

Türkmen gazynyň dünýä bilen integrasiýasy üpjün edilýär.

Şol çäkde Iki beýik energiýa ägirdi bolan Türkmenistan we Azerbaýjan şu ýyl Hazar deňizindäki Dostluk meýdanynyň bilelikde özleşdirilmegi we işlenip düzülmegi boýunça ylalaşyk baglaşdylar. Şeýlelik bilen “Günorta Gaz koridory we Baku-Tbilisi-Jeýhan” nebit geçiriji ulgamlar bilen baý türkmen çeşmeleriniň halkara bazarlara daşalmagy üpjün ediler.

Türkmenistanyň gündogaryndaky “Malaý” ýatagynda gurulan gaz gysyjy desgasyndan çykarylýan tebigy gaz hem Özbegistandaky we Gazagystandaky halkara energiýa liniýalarynyň üsti bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugradylýar.

Häzirki wagtda düzüminde türk kärhanalary hem bolan TAPI tebigy gaz geçiriji turba taslamasy bilen türkmen gazynyň dünýä bilen integrasiýasy has hem artdyrylar.

 

Türkmenistanyň Energiýa Çeşmeleri

Türkmenistan elektrik tok eksportynda möhüm bir aktýor.

Elektrik tok eksportynda Orta Aziýada möhüm rol eýeleýän Türkmenistan Eýrandan daşary Owganystana we Özbegistana elektrik tok eksport edýär. Ýakyn wagtda goňşy ýurtlara hem elektrik togyň eksport edilmegi we edilýän eksportyň artdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Elektrik energiýa pudagyny özgertmek meýilnamasyna görä, 2024-nji ýyla çenli Türkmenistandaky elektrik tok önümçiliginiň ýylda 33 milliard kwt sagada ýetmegine garaşylýar.

Şol kesgitlenen maksada ýetmek üçin türk tarapyndan täze energiýa desgalarynyň we üpjünçilik merkezleriniň gurluşygy dowam edýär.

Türkmenistan ulag we logistika ulgamy ugurlary boýunça halkara merkez bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe tarap barýar.

 

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty strategik taýdan möhüm ýerde ýerleşýär.

Türk we türkmen kärhanalary tarapyndan bilelikde gurulan Halkara Türkmenbaşy porty, Hazar deňiziniň kenarynda sebitiň iň uly porty hökmünde hyzmat berýär.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýollarynyň kesişýän nokadynda ýerleşýän Türkmenbaşy porty geosyýasy ýerleşişi taýdan döwrebap ýüpek ýolunyň möhüm bir bölegini emele getirýär. Halkara Türkmenbaşy portynyň Türkmenistany sebitiň eksport-import logistika ulgamynda lider pozisiýa ýetirmegi meýilleşdirilýär.

 

Türkmen daýhanlarynyň ileri tutýany pagta

Türkmenistanda pagta ak altyn hökmünde häsýetlendirilýär.

Ýurdyň toprkalarynda ekerançylyga amatly bolan ýerlerde dünýäniň iň ýokary hilli pagtasy ýetişdirilýär. Pagta önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji 10 ýurdyň hatarynda durýan Türkmenistanda, şu ýyl 1 million 250 müň tonna pagta öndürildi. Dokma senagaty pudagy üçin möhüm çig-mal bolan pagta, Türkmenistanda “Ak Altyn” diýip atlandyrylýar we Türkiýe başda bolmak bilen dünýäniň dört künjegine eksport edilýär.

 

Türkmenistanyň Ykdysadyýeti ösdi

Pandemiýa bilen bagly şertlere garamazdan ýurdyň ykdysadyýeti 6,2 göterim derejesinde ösdi.

Ähli bu aýdylanlaryň esasynda Türkmenistanyň ykdysadyýeti günsaýyn ösýär. Geçen birnäçe gün ozal Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň soňky 10 aýynda ýurdyň Jemi Içerki önüminiň 6,2 göterim derejesinde ösendigini habar berdi.

Türkmenistandaky jemi önümçilik kuwwady geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 5,5 göterim artandygy mälim edildi.

 

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti 28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwürleýin başlygyny alyp barýan Türkmenistan agza ýurtlaryň arasyndaky maýa goýumlary diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda kuwwadyny artdyryp ykdysady gatnaşyklary özgertmek üçin tagalla edýär. Şol çäkde ilki bilen 26-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Işewürler forumy geçiriler, soň bolsa agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşi geçiriler. Ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýer eýeçilik etmeginde geçiriljek maslahatda sosial we ykdysady ösüşi güýçlendirjek we sebitdäki özara gatnaşyklary özgertjek täze bir strategiýanyň düzülmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar