Aşgabatda Garagum myhmanhanasy açyldy

Aşgabadyň täze simwoly hökmünde häsýetlendirilýän Garagum myhmanhanasy ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açyldy

1737136
Aşgabatda Garagum myhmanhanasy açyldy
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (2).jpg
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (4).jpg
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (5).jpg
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (6).jpg
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (7).jpg
Aşkabat'ta Karakum Oteli Açıldı (8).jpg

Binagärlik sungaty bilen Garagum çölüniň janlandyrylan myhmanhana, türk kärhanalarynyň biri tarapyndan guruldy.

Rönesans atly kähana tarapyndan gurulan Garagum myhmanhanasy, ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan açyldy. Myhmanhananyň açylyşyna ministrler, deputatlar, döwlet edaralaryň işgärleri we guramalaryň wekilleri bilen metbugat işgärleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda çykyş eden türkmen lider Milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde şu ýyl şäheriň gözelligine gözellik goşan onlarça binanyň we gurluşyň açylyşyny ýerine ýetirendiklerini, şu günki gün bolsa şolaryň hataryna ýene-de biriniň goşulandygyny beýan etdi. Türkmen lider Türkmenistanyň gözellikleri bilen utgaşykly bolan bu gurluşa merjen şäher Aşgabada geljek myhmanlaryň iň gowy şertlerde kabul ediljekdigini aýan etdi.

Deňsiz-taýsyz gözellige eýe bolan bina şäheriň meýilnamasyndaky döwrebap äheňleri we milli binagärlik dessurlaryny özünde jemleýär.

Ýadygärlik görnüşinde gurulmagy pikir edilen myhmanhana bu dizaýny bilen Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk gymmatlygyny has hem artdyrmagyna garaşylýar. 6,8 gektar meýdana gurulan myhmanhanada 87 döwrebap otag we şol bir wagtda kireýine alyp boljak ofisler ýerleşýär. Myhmanhananyň ilkinji uly synagyndan 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinde geçmegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar