Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty barada beýanat berdi

Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi

1735298
Türkmenistan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahaty barada beýanat berdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyyew, paýtagt Aşgabat şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, 12-nji noýabrda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Döwlet Baştutanlarynyň sekizinji mejlisiniň maslahaty bilen bagly beýanat berdi.

Maslahata Türkmenistanyň synçy ýurt hökmünde gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçen Wepa Hajyýew, ykdysadyýet, söwda, maýa goýum, ekologiýa, bilim we beýleki ugurlar boýunça giň-gerimli mümkinçilikleriň bolmagy sebäpli maslahatyň Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen gatnaşyklary taýdan bir öwrülişik nokadydygyny beýan etdi. 

Wepa Hajyýýew, möhüm sebitleýin gurama bolan Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň medeni gymmatlyklary bilen dünýä halklaryny jebisleşdirýändigini we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkidýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar