Türkmenistanyň we Gazagystanyň  ýokary derejeli maslahaty tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýewi Aşgabatda myhman etdi

1725135
Türkmenistanyň we Gazagystanyň  ýokary derejeli maslahaty tamamlandy
Türkmen – Kazak Zirvesi Sona Erdi (1).jpg
Türkmen – Kazak Zirvesi Sona Erdi (3).jpg

Saparyň çäginde Türkmen-Gazak strategik hyzmatdaşlygyň parametrleri maslahatlaşyldy, iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary babatynda pikir alyşyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Myhman Prezidentiň resmi sapary mynasybetli Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdançasynda resmi garşylama dabarasy geçirildi. Liderler resmi garşylama dabarasyndan soň bolsa Oguzhan köşgüne ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, kärdeşine minnetdarlyk bildirip, bu saparyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin itergi boljakdygyny habar berdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew bolsa öz gezeginde iki doganlyk ýurdyň arasynda ençeme umumy bähbitleriň bardygyny, Türkmen-Gazak hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Gazagystanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny we türkmen liderini öňümizdäki ýyl ýurduna sapar guramaga çagyrdy.

Iki goňşy ýurtlaryň delegasiýalarynyň arasynda oba hojalyk, senagat, söwda, energetika, transport, ekologiýa, bilim we medeni ugurlar boýunça jemi 120 aýry resminama gol çekişildi.

Gazgystan Türkmenistanyň 10-njy iň uly daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Epidemiýanyň ykdysadyýetiň üstündäki ýaramaz täsirine garamazdan şu ýylyň ilkinji 8 aýlyk döwründe iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda kuwwady geçen ýylyň şol döwrüne garanyňda 16 göterimlik artyş hasaba alyndy.



Degişli Habarlar