Türkmenistan we Gazagystan serhetleriň ýuridiki bellige alyşyny tamamladylar

Türkmenistan we Gazagystan serhetleriň ýuridiki bellige alyşynyň tamamlanmagyny öz düzümine alýan ylalaşyk baglaşdylar

1724894
Türkmenistan we Gazagystan serhetleriň ýuridiki bellige alyşyny tamamladylar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, 2 günlük resmi saparynyň çäginde paýtagt Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen gepleşikleriň ahyrynda Berdimuhamedow we Tokaýew geçirilen umumy metbugat ýygnagynda beýanat berdiler. 

Çykyşynda iki ýurdyň arasynda ençeme ugur boýunça şertnama baglaşandyklaryny aýdan Tokaýew: "Şolaryň arasynda Türkmen-Gazak döwlet serhet we Hazar deňizindäki ýanaşyk balykçylyk ýerleriniň kesgitlenmegi bilen bagly ylalaşyk bilen hökümetara serhet we gümrük pudagyndaky özara hereketlerini öz düzüminde jemleýän ylalaşygyň uly ähmiýeti bar. Şeýlelik bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky gury ýer we deňiz serhetleriň ýuridiki bellige alyşyny tamamlaýarys. Onuň syýasy manysy bar" diýip belledi. 

Tokaýew, türkmen kärdeşi bilen transport we tranzit pudagyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini hem jikme-jik ýagdaýda maslahatlaşandyklaryny belläp: "Gazagystan-Türkmenistan-Eýran gara ýolunyň dolulygyna işjeň ýagdaýa geçirilmegi esasy wezipeleriň hatarynda goýuldy" diýip habar berdi. 

Berdimuhamedow bolsa Türkmenistanyň Garabogaz aýlagynyň üstünde Gazagystana awtomagistral ýoly bilen baryp bilmek üçin köpri gurmak niýetleriniň bardygyny beýan etdi. 

Saparyň çäginde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hökümetara serhet we gümrük pudagyndaky özara hereketler başda bolmak bilen, söwda, halkara awtomobil ýük daşamalary, oba hojalyk, daşky gurşaw, telekommunikasiýa, bilim, maglumat hem-de medeni alyş-çalyş ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. 



Degişli Habarlar