Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda saparda bolýar

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine bardy

1724710
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda saparda bolýar
Kazakistan Cumhurbaşkanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti 2.jpg
Kazakistan Cumhurbaşkanı Aşkabat’ı Ziyaret Etti 3.jpg

Saparyň çäginde Türkmen-Gazak strategik hyzmatdaşlygyň parametrleriň, şeýle hem iki ýurdyň arasynda dowam edýän ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Düýn Aşgabat şäherine gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewi howa menzilinde Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow garşylady. Ondan soň bolsa Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumyna geçildi. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan garşylandy. Türkmenistanyň Ahalteke atçylyk toplumynda döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewe “Ganatly” atly Ahalteke aty bilen Türkmen tazy güjügini sowgat etdi.

Gazak lider asylzadalygy bilen Ahalteke atlarynyň türkmenler üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk baýlykdygyny beýan etdi we şan-şöhratly ata-babalarynyň däp-dessurlaryny dowam etdirýän türk doganlaryny gutlaýandygyny aýan etdi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň Türkmenistan sapary 2 gün dowam eder we umumy bähbitlere laýyklykda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly mümkinçilikler gözden geçiriler. Ylym, ykdysadyýet, medeniýet we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmegi bilen bagly ençeme resminama gol çekişiler.

Iki lider soňky gezek bolsa awgust aýynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda Orta Aziýanyň Döwletleriniň Konsultatiw duşuşygynda özara duşuşyk geçiripdiler we hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi bilen bagly anyk ädimleri etmäge taýardyklaryny beýan edipdiler.



Degişli Habarlar