Türkmen Lideriniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Türkmen lideriniň täze kitabynyň tanşdyrylyş çäresi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirildi

1712745
Türkmen Lideriniň täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk-Bagtymyz” atly täze kitabynyň tanşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşszlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýazylan kitapda Türkmenistanyň taryh sahnasynda ýeten sepgitlerine giň orun berilýär.

Türkmen lideriniň täze kitabynyň tanşdyrylyş çäresi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen dilinde çap edilen täze kitapda Türkmenistanyň 30 ýylda ykdysadyýet pudagynda ýeten sepgidi we demokratik ýörelgeleri bilen beýik dünýä döwletleriniň hataryna nähili goşulandygy düşündirilýär. Taryhy müňlerçe ýyla uzap gidýän türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşa standartlarynyň ýokarlanandygy, medeni, milli we ruhy gymmatlyklarynyň ösendigi nygtalyp geçilýär.

Çäräniň ahyrynda çykyş eden türkmen alymlar, ýazylan täze kitabyň Türkmen döwletiniň taryhynyň möhüm tapgyrlary bilen tanyşmak mümkinçiligini berýändigini beýan etdiler. Ýurdyň şu günki güne çenli gazanan üstünliklerinde türkmen halkynyň döredijilikli kuwwatynyň uly orun eýeleýändigi aýan edildi. Kitapda hem şol üstünlikleriň anyk ýagdaýda orta goýulandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar