Türkmen türgeni ýurda kümüş medal bilen gaýdyp geldi

Türkmenistanly türgen Polina Gurýewa, Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda kümüş medala eýe boldy

1695734
Türkmen türgeni ýurda kümüş medal bilen gaýdyp geldi
Türkmen Sporcu Ülkesine Gümüş Madalya İle Döndü 2.jpeg
Türkmen Sporcu Ülkesine Gümüş Madalya İle Döndü 3.jpeg

Türkmen türgenine gazanan medaly mynasybetli bir ýaşaýyş jaý, 1 ulag we 50 müň dollar pul baýraklary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Milli Sport we syýahatçylyk institutynyň talyby bolan Polina Gurýewa, Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda 59 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň jemi boýunça 217 kg (96+121) netijäni görkezdi we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna eýe boldy.

Türkmenistany Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda buýsandyran türkmen türgenini sylaglandyrmak maksady bilen  Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde dabara geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen birlikde hökümetiň agzalary, ministrler, daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri we ýerli we daşary ýurtly metbugat organlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Polina Gurýewa Türkmenistanyň Döwletiniň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ähli amatlyklary bolan öý, döwrabap ulag we 50 müň dollar pul sylagy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Polina Gurýewa "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady" diýen hormatly at berildi.

Taryp edip bolmajak duýgulary başyndan geçirýändigini aýdan türkmen türgen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bosagasynda gazanan medalynyň örän manylydygyny beýan etdi.

Polina Gurýewa: “Men sportda döredip beren giň gerimli mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidentine sagbolsun aýdýaryn. Meniň bu medalym hormatly Prezidentimize, türkmen halkyna, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sowgadym boldy. Bu meniň soňky medalym bolmaz, nesip bolsa 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek ýaryşda altyn medala eýe boljakdygyma ynanýaryn” diýip belledi.

Türkmenistan Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlaryna agyr atletika, ýüzmek, dzýudo we çekiç zyňmak ýaly spordyň 4 aýry ugry boýunça jemi 9 türgen bilen wekilçilik etdi.



Degişli Habarlar