Aşgabatda Türkmenistanyň Türk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdad Amreýew Aşgabat şäherinde saparda boldy

1667623
Aşgabatda Türkmenistanyň Türk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Aşkabat’da, Türkmenistan’ın Türk Konseyi ile İşbirliği Fırsatları Değerlendirildi 2.jpeg

Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabat şäherinde duşuşyk geçirdi.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary Bagdad Amreýewi Daşary işler ministrliginde kabul etdi.

Geçirilen duşuşykda Türk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýew, doganlyk Türkmenistanyň hoşniýetli çakylygy we Türk Geňeşiniň wekiliýetine görkezilen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Türkmenistan bilen edýän netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklardan hoşaldyklaryny beýan etdi. 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambul şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türk Geňeşiniň 8-nji maslahaty üçin dowam edýän taýarlyklar we maslahatda ýola goýuljak ýokary derejeli geçişiň möhüm kararlary barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahata gatnaşmagynyň Türk dünýäsiniň agzybirligini görkezjekdigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem 2021-nji ýylyň 31-nji martynda geçirilen Türkistan maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenip geçilen möhüm meseleleriň üstünde durup geçdi we Türkmenistanyň Türk geňeşiniň içinde, esasan hem asudalygyň we durnuklylygyň goralmagy bilen bagly meselelerde we Türk Geňeşiniň içinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydygyny aýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow mundan başgada Türkmenistanyň transport we aragatnaşyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi üçin Türk geňeşiniň mümkinçiliklerine oňyn garaýandygyny habar berdi.

Türk Geňeşi 2010-njy ýylyň 15-16-njy sentýabr aralygynda Stambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň resmileriniň maslahatynda döredilipdi we ilkinji Türk Geňeşi maslahaty 2011-nji ýylda Gazagystanda geçirilipdi. Geňeşiň agza ýurtlary Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly ýurtlardan emele gelýän bolsa, Wengriýa geňeşde synçy ýurt statusynda durýar. Türk Geňeşiniň syýasy, ykdysady, medeni, transport, energetika, maliýe ýaly ençeme ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özgerdilmegi bilen bagly tagallalar edilýär. Türkiýede geçiriljek nobatdaky maslahatda Türkmenistana ýörite statusyň berilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar