Türkmenistanda şu ýyl 2100 tonna ýüpek gurçugy pilesi öndürildi

Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Ata Watan Türkmenistan, ýüpek gurçugy önümçiligini goldamagy we ýüpekçilik pudagyny ösdürmegi dowam etdirýär

1662603
Türkmenistanda şu ýyl 2100 tonna ýüpek gurçugy pilesi öndürildi
2.jpeg
3.jpeg
4.jpeg

Türkmenistandaky ýüpekçiler şu ýyl 2100 tonna ýüpek gurçugy pilesini ýetişdirip, bellenen maksatnamany dolulygyny berjaý etmegiň bagtyýarlygyny başlaryndan geçirýärler.

Türkmenistanda dokma senagaty pudagynyň möhüm çig-mal önümi bolan ýüpek gurçugy pilesiniň 2100 tonnasy öndürildi. Bellenen borçnamadan artykmajy bilen ýerine ýetirilen görkezijiler türkmen daýhanlary şatlandyrdy.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew, göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda, ýerli ýüpekgurçugy pudagynyň wekilleriniň ylalaşykdan gözbaş alýan borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada Türkmenistanyň Prezidentine maglumat berdi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, welaýat häkimlerine ýüzlenip eden çykyşynda, ýygnalan ýüpek gurçugy pilesiniň saklanmagy we degişli edaradyr-kärhanalarda ýokary derejeli ýüpek önümleriniň öndürilmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi barada görkezmeler berdi.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, ýüpekçileri ýeten sepgitleri bilen gutlap, bu ugurdaky maýa goýumlaryň göwrüminiň artdyryljakdygyny we senagat önümçiliginiň giňeldiljekdigini aýan etdi. Şeýlelik bilen täze iş orunlarynyň dörediljekdigini we çig mal önümçiliginiň artdyryljakdygyny beýan etdi.

Ýüpek gurçugy pilesiniň ýetişdirilmegi gadymy wagtlardan bäri Türkmenistanda ýerli oba hojalyk önümçiliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň birini emele getirýär. Ýüpek gurçugy pilesiniň önümçiliginiň ýarsyndan gowragynyň ýurdyň Lebap welaýatynda amala aşyrylsada, döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň saýasynda ýurdyň ähli ýerinde ýaýbaňlanýar. Ýetişdirilýän ýüpek gurçugy pilesi ýüpek halylaryň, ketenileriň we şuňa meňzeş önümleriň öndürilmeginde ulanylýar. Bu önümlere bolsa hem ýurdyň öz içinde hem-de Türkiýe başda bolmak bilen daşary ýurtlarda uly talap bildirilýär.



Degişli Habarlar