Awaza syýahatçylyk zolagynda tomus dynç alyşy üçin öňüni alyş çäreleri artdyryldy

Awaza syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde dynç alyşyny geçirmek isleýän adamlar üçin öňüni alyş çäreleri artdyryldy

1657755
Awaza syýahatçylyk zolagynda tomus dynç alyşy üçin öňüni alyş çäreleri artdyryldy
Avaza Turizm Bölgesinde Yaz Tatili için Önlemler Artırıldı 2.jpg
Avaza Turizm Bölgesinde Yaz Tatili için Önlemler Artırıldı 3.jpg
Avaza Turizm Bölgesinde Yaz Tatili için Önlemler Artırıldı 4.jpg

Türkmenistanyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde dynç alyşyny geçirmek isleýänler üçin öňüni alyş çäreler artdyryldy. Howa menziline goşmaça uçar saparlary girizildi, otly saparlary başladyldy. Dynç almaga gitjek türkmen raýatlaryndan hem Awaza zolagyna gitmeden ozal Kowid-19 sanjymy bolmak şerti girizildi.

Birnäçe gün ozal ýurdyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, Hazar deňiziniň kenarynda dikuçar arkaly gözegçilik işlerini geçirip, Türkmenistanyň milli syýahatçylyk zolagy bolan Awaza syýahatçylyk zolagy bilen bagly işleriň depgini barada maglumat aldy.

Ondan soň bolsa bu zolakda howpsuz syýahatçylyk döretmek maksady bilen geçirilen maslahata gatnaşdy. Maslahata Saglygy goraýyş ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň we Syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow, resmilerden saglykly we howpsuz bir syýahatçylygyň üpjün edilmegi üçin gerek bolan öňüni alyş çäreleriň görülmegi barada görkezme berdi. Döwletiň syýahatçylyk pudagyny goldamak maksady bilen her dürli goldawy berýändigini aýdan Gurbanguly Berdimuhamedow, dynç almaga gelýän adamlara gerek bolan şertleriň üpjün edilmegi maksady bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Dynç alyş dolandyryş merkeziniň döredilmegi bilen bagly kararnama gol çekdi.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsüminde dynç alyş meýilnamasyna görä, 1-nji iýundan başlap Aşgabat-Türkmenbaşy ugrunda ýörite otly saparlary hyzmat bermäge başlady. Türkmenabat-Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky uçar saparlary ýaňadandan ýola goýuldy. Dynç alyş zolagynda işleýän adamlara sanjym edildi. Sebitdäki test enjamlarynyň sany artdyryldy. Gelýän we gaýdýan ähli ýolagçylar, Saglygy goraýyş edarasynyň işgärleri tarapyndan dowamly häsýetde gözegçilik edilýär. Dynç alyş möwsümi boýunça diňe dynç alyş desgalarynda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 tehniki işgär hyzmat berer. Dynç almaga barjak türkmen raýatlaryndan Awaza syýahatçylyk zolagyna gitmelerinden ozal Kowid-19 sanjymlaryny etdirmek şerti girizildi. 



Degişli Habarlar