Türkmenistanda Ýaş Heýkeltaraşlaryň Biri-Birinden Owadan Eserleri Sergilendi

Türkmenistanda ýaş heýkeltaraşlaryň eserleri gelen myhmanlary haýran galdyrdy

1630636
Türkmenistanda Ýaş Heýkeltaraşlaryň Biri-Birinden Owadan Eserleri Sergilendi
Türkmenistan’da Genç Heykeltıraşların Eserleri 2.jpg
Türkmenistan’da Genç Heykeltıraşların Eserleri 3.jpg

Türkmenistanda her ýyl aprel aýynda geçirilýän “Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň” çäginde biri-birinden üýtgeşik çäreler we ýaryşlar geçirilýär.

Şu ýyl geçirilen ýaryşda Şekillendiriş sungaty fakultediniň Heýkel bölüminiň talyplary we mugallymlary üstünlik gazandylar. Biri-birinden owadan heýkeller sungat muşdaklarynyň garamagyna hödürlendi.

Türkmenistanyň sungat taryhyna goşant goşmak maksady bilen geçirilýän ýaryşlar, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemaýatkärlik etmeginde geçirilýär.

Ýaryşlarda ýurdyň milli gymmatlygy bolan türkmen Ahal teke atynyň we türkmen Alabaý itiniň iň gowy sungat eseriniň ýüze çykarylmagy islendi. 

“Türkmenleriň Altyn Asyry” ady bilen geçirilen ýaryşda şu ýyl Şekillendiriş sungaty fakultediniň Heýkel bölüminiň talyplary we mugallymlary üstünlik gazandylar.

Nazary bilimlerini tejribeleri bilen utgaşdyran talyplaryň ozalky ýyllaryna degişli diplomlaýyn işleri Döwlet Çeperçilik akademiýasynda sergilendi.

Ýaş talyp heýkeltaraşlar sungadyň ummansyz mümkinçiliklerini ulanyp, türkmen milli gymmatlyklaryny sungat eserine öwürdiler, sungat älemine gyzyklanma bildirýän muşdaklara tapawutly perspektiwalar hödürlediler. 

Geçirilen sergide ajaýyp gözelligi bilen bütin dünýäni özüne haýran galdyran Ahal Teke atlarynyň heýkelleri bilen adam bedeniniň fiziki owadanlygyny we hereketleriniň çeýeligini orta goýan biri-birinden owadan sungat eserleri gelen myhmanlary haýran galdyrdy.



Degişli Habarlar