Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda 4 medal gazandylar

Aziýa Çempionatynda gazanylan netijeler agyr atletikaçylaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna täsirini ýetirýär

1628773
Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda 4 medal gazandylar
Asya Halter Şampiyonasında Türkmen sporcular 4 madalya kazandı.2.jpeg
Asya Halter Şampiyonasında Türkmen sporcular 4 madalya kazandı.3.jpeg

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna Türkmenistan 11 türgen bilen gatnaşdy. Biri-birinden tapawutly agram derejeleri boýunça ýaryşan türkmen türgenler üstünlikli ýerlere eýe boldylar.

2020-nji ýylyň 18-25-nji aprel aralygynda geçirilmeli bolan Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty pandemiýa sebäpli 2021-nji ýylyň 16-25-nji aprel aralygynda geçirilipdi. Bir ýyl yza süýşürilen Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Aziýa çempionatyna 26 ýurtdan jemi 186 türgen gatnaşdy. Zenanlaryň we erkekleriň arasynda biri-birinden tapawutly agram derejeleri boýunça ýaryş geçirilen çempionatda türkmen türgenleri üstünlikli ýerlere eýe boldylar.

Erkekleriň arasynda 73 kg agyrylygynda çykyş eden Maksat Meredow kümüş medalyň eýesi bolan bolsa, 81 kg agyrlygynda ýaryşan Rejepbaý Rejepow bürünç medala eýe boldy.

Zenanlaryň arasynda 71 kg agyrlygynda bäsleşen Gülnabat Kadyrowa kümüş medalyň eýesi bolan bolsa, 81 kg agyrlygynda çykyş eden Aýsoltan Toýçiýewa bürünç medalyň eýesi boldy.

Şeýlelik bilen Türkmenistanyň topary Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda jemi 2 kümüş we 2 bürünç medala, jemi bolsa 4 medala eýe boldy. Medal sanawy boýunça Hytaý 10 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç medala, jemi bolsa 16 medala eýe bolup, sanawyň ilkinji ornuna eýe boldy. Aziýa Çempionatynda gazanylan netijeler agyr atletikaçylaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna täsirini ýetirýär.



Degişli Habarlar