Türkmenbaşy Porty Döwrebap Ýüpek Ýoluny Janlandyrýar

Türkmenistan transport we ýük daşamak ugurlarynda halkara merkez bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar

1625791
Türkmenbaşy Porty Döwrebap Ýüpek Ýoluny Janlandyrýar
türkmenbaşı limanı Türkmenistan tkm 2

 

Türkmenistan transport we ýük daşamak ugurlarynda halkara merkez bolmak ugrunda ynamly ädimler bilen öňe barýar.

Türk we Türkmen kärhanalarynyň bilelikde guran Halkara Türkmenbaşy porty Hazar deňiziniň kenarynda sebitiň iň uly porty hökmünde hyzmat bermäger dowam edýär. 

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy porty geosyýasy ýerleşişi taýdan Döwrebap Ýüpek Ýolunyň örän möhüm bir bölegini emele getirýär.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňiziniň Hukuk statusy bilen bagly ylalaşyga gol çekenlerinden soň, bu portyň ähmiýeti has hem artdy.

Portyň saýasynda uly göwrümli ýük daşamak işleri üçin örän uly ýeňillikler döredildi we şol bir wagtda gämileriň syýahatçylyk möhledini hem azaldýar.

212 futbol meýdançasy ululygyndaky bir taslama bolan Türkmenbaşy portynda 3600 metr uzynlygyndaky gawanda ýylyň her güni, günüň her sagadynda gämilere ýük ýüklemek we olardan ýükleri düşürmek işleri amala aşyrylýar.

Gymmady 1,5 milliard dollara barabar bolan portyň ýylda 17 million tonnalyk ýük geçirmek mümkinçiligi bar.

Iň döwrebap programma üpjünçiliklerine eýe bolan we döwrebap enjamlar bilen ornaşdyrylan portda bir gämi gurluşyk we abatlaýyş ussahanasy bilen 34 futbol meýdançasy ululygynda konteýnerleri ýerleşdirmek üçin meýdança bar.

Portyň gawanynyň düýbüni çuňlaşdyrmak üçin çykarylan 10 million kub metr çäge bilen göçüp-gonup ýören guşlar üçin hem bir Guş adasy döredildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Türkmenistany sebitiň eksport we import logistika ulgamynda lider ýagdaýa çykarmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar