Türkmenistanda Syýahatçylyk Hepdeligi Bellenip Geçildi

Syýahatçylyk hepdeligi Türkmenistanda dürli çäreler bilen bellenilip geçildi

1620318
Türkmenistanda Syýahatçylyk Hepdeligi Bellenip Geçildi
13.04.21.TKM. 2 jpg.jpg
13.04.21.TKM. 4 jpg.jpg
13.04.21.TKM. 3 jpg.jpg

“Howpsyz Syýahatçylyk” mowzugy bilen geçirilen çärelerde türk aşhanasynyň taýsyz tagamlary çärä gatnaşyjylaryň göwnünden turan bolsa, “Türkiýeden fotosuratlar” sergisi hem ünsleri özünde jemledi. Türkmen-Türk mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bolsa çärä öwüşgin çaýdy.

Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Togan Oralyň ýer eýeçiliginde Türk medeniýet merkezinde geçirilen çärä Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlar, ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri, türkmen-türk işewürleri bilen ýerli hem-de daşary ýurtly metbugat işgärleri gatnaşdylar. Çäre Ilçi Togan Oralyň “Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamalandyryş Maksatnamasyny” tanyşdyryş çykyşy bilen başlady.

TRT-ä beýannama beren Togan Oral, türk syýahatçylyk pudagynyň degişli çäreleri görüp, bütin dünýäden myhmanlaryna garaşýandygyny, indi oňa taýardygyny aýtdy we kowid pandemiýasynyň emele getiren ýaramaz şertlerini ortadan aýyrmak isleýändiklerini beýan etdi. Çärä gatnaşyjylaryň ählisini howpsyz we komfortly dynç alyş üçin Türkiýä çagyrdy.

Türkiýäniň “Howpsyz Syýahatçylyk Şahadatnamalandyryş Maksatnamasyny” taýarlandygyny beýan eden Togan Oral, bu konsepsiýanyň Dünýä syýahatçylygyna Türkiýe tarapyndan sowgat edilendigini nygtady. Türkiýä geljek syýahatçylaryň saglyk taýdan howpsyz we komfortly dynç almaklary üçin degişli ähli çäreleriň görülendigini nygtsady.

“Türkiýede ýüz müňlerçe türkmen doganlarymyz ýaşaýar we ýylda ýüz müňlerçe türkmen raýaty Türkiýä gelýär” diýen Ilçi Oral, 2019-njy ýylyn görkezijilerine görä 300 müňe barabar türkmeniň Türkiýä gelendigini, 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli saparlaryň bökdelendigini aýtdy. Türkmenistanyň 1 ýyldan bäri halkara uçar saparlaryny bes edendigini, ilkinji nobatda Türk howaýollarynyň Türkmenistana tarifli saparlarynyň başlamagyny maksat edinýändiklerini aýtdy. İlçi türkmen tarapynyň hem şol uçuşlaryň gysga möhletde başlamagy üçin tagalla edýändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar