Türkmenistanda Saglyk Üçin Müňlerçe Adam Pedal Aýlady

Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanda sport çäreleri bilen bellenilip geçildi

1617205
Türkmenistanda Saglyk Üçin Müňlerçe Adam Pedal Aýlady
08.04.21.TKM. 1 jpg.jpg
08.04.21.TKM. 2 jpg.jpg
08.04.21.TKM. 3 jpg.jpg

Sportuň adam saglygy üçin bolan peýdalaryny mahabatlandyrmak üçin paýtagt Aşgabatda ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda welosiped turniri geçirildi. Baýramçylyk häsýetinde geçirilen çäreler ýurduň çar tarapynda guraldy.

Saglyk Ýolunda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen çärä Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda Ministrler kabinetiniň agzalary bilen döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Lideri ol ýerde sözlän sözünde nesilleriň fiziki we ruhy ösüşiniň jemgyýetiň saglygyna oňyn goşant goşýandygyny aýtdy. “Döwlet halk üçindir” diýilýän düşünje bilen döwrebap sport desgalarynyň we saglygy goraýyş merkezleriniň gurulýandygyny beýan etdi. Raýatlaryň saglygynyň goralmagy we pugtalandyrylmagy üçin saglyk üpjünçiliginiň halkara ülňülere laýyklyk berilýändigini beýan eden Berdimuhamedow, täze tehnologiýlara we ýokary lukmançylyk ylmyna esaslanýan iňňän netijeli saglyk ulgamynyň bardygyny sözleriniň üstüne goşdy.

Berdimuhamedow soň bolsa Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Saglyk Ýolunda geçirilen welosiped turnirini başlatdy. Özi bilen bilelikde talyplar, döwlet gullukçylary we raýatlar turnire uly gyzyklanma bildirdi. Sagdyn durmuş üçin müňlerçe adam peýdal aýlady.

Türkmenistanda welosiped sportuna uly-kiçi hemme uly gyzyklanma görkezýär. Sagdyn durmuş üçin hereket etmegiň ähmiýetini düşündirmek we şol düşünjäni ýaýbaňlandyrmak maksady bilen şeýle çäreler geçirilýär, dürli sport bäsleşikleri guralýar. 2021-nji ýyldaky Bütindünýä Welosiped Çempionaty hem şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.



Degişli Habarlar