Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Agzalarynyň Saýlawy Geçirildi

Halk Maslahaty 56 agzadan ybarat bolup durýar

1610731
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Agzalarynyň Saýlawy Geçirildi

Türkmenistanyň Milli Geňeşinin Halk Maslahatynyň agzalarynyň kesgitlenmegi üçin saýlaw geçirildi. Saýlawa Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw Geňeşi tarapyndan hasaba alynan 112 dalaşgär gatnaşdy.

Türkmenistanda geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Halk Maslahatynyň geňeşinde hökümetiň kanun çykaryş organlarynyň işleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagy maksady bilen konstitutsiýa özgertme girizilip, Türkmenistanda iki bölekli parlament ulgamyna geçilipdi.

Şeýlelikde iki kanun çykaryş organly döwür başlap, Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredilipdi. Geňeşiň çäginde Halk Maslahaty we Mejlis iş alyp barýar. Halk Maslahaty 56 agzadan, Mejlis bolsa 125 halk deputatyndan emele gelýär. Türkmenistanyň konstitutsiýasynyň 78-nji maddasyna görä Halk Maslahatynyň agzalygyna 5 welaýatdan 8 dalaşgär saýlanýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahaty böleginiň agzalarynyň saýlawy geçirildi. Saýlawa Türkmenistanyň Merkezi Saýlaw geňeşi tarapyndan bellige alynan 112 dalaşgär gatnaşdy. Dalaşgärler 56 kürsüli Halk Maslahatynyň 48 kürsüsi üçin bäsleşdiler. Saýlawlara 440 ýerli synçy gatnaşdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we halk deputatlary 5 ýyllyk möhlet üçin saýlanýarlar.

Halk Maslahaty Mejlis tarapyndan kabul edilen konstitutsiýany, kanunlary we beýleki kararlary tassyklaýar ýa-da ret edýär. Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysynyň teklibine laýyklykda ýokary derejeli wezipelere bellemeleri we işden boşatmalary seljerýär, harby çinleriň berilmegine garaýar.



Degişli Habarlar