Prezident Erdogan Türkmen Liderine gutlag hatyny ugratdy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Nowruz baýramy mynasybetli Türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny ugratdy

1605516
Prezident Erdogan Türkmen Liderine gutlag hatyny ugratdy

"Gadyrly Doganym" diýip başlan gutlag hatynda Prezident Erdogan, Nowruz baýramynyň taryhynyň umumy däp-dessurda ençem asyra uzap gidýändigini, Bahar paslynyň we täze başlangyçlaryň buşlukçysydygyny habar berdi we Onuň Alyhezretlerini, dostlukly we doganlyk Türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýüreginden gutlaýandygyny beýan etdi.

Nowruzyň toprakdaky oýanyş bilen birlikde ýüreklerde söýgüni, jebis bolup ýaşamak ygtyýaryny güýçlendirýändigini belledi we Nowruz baýramynyň her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem Balkan ýurtlaryndan Ýakyn Gündogara, Anadolydan Orta Aziýa çenli giň bir geografiýada dabara bilen bellenilip geçilýändigini habar berdi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli başdan geçirilýän bu kyn günlerde, Nowruz baýramynyň diňe ýurtlara we sebitlere däl, eýsem bütin adamzada saglyk, asudalyk we parahatçylyk getirmegini diledi.

Prezident Erdogan, Türkmen Liderine we Halkyna ýagşy dilegleri hatyny tamamlady.

Beýleki tarapdan Türkmen Liderine Halkara Nowruz güni mynasybetli, Prezident Erdogandan başgada Özbegistan, Gyrgyzystan, Owganystan, Hytaý we ABŞ ýaly ýurtlaryň liderleri hem gutlag hatlaryny ugratdylar.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden gutlag hatynda ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy goldamak we Hazar deňizinde uglewodorod serişdelerini özgertmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi umyt edýändigini nygtap geçdi. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden mundan 5 ýyl ozal Döwlet sekretary Kerriniň başlangyçlary esasynda emele getirilen 5+1 formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hytaý Halk Respublikasyndan gelen gutlag hatynda bolsa tebigy gaz ugrunda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, birža harytlardan daşary ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ulgamlaýyn häsýetde ösdürmäge taýardyklary bellenilip geçildi.



Degişli Habarlar