Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

1223769
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň iri sebitine bu sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň senenamasynda ýene-de bir aýdyň sahypa bolar. Bu sebit bilen Türkmenistanyň netijeli söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň ýolbaşçylarynyň özara erki esasynda ösdürilýän işjeň we netijeli gatnaşyklar, umuman, birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen berkidilýän türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyna itergi berýär.

Hökümetleriň derejesindäki yzygiderli duşuşyklar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň berk we ynamly ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzdi. Bu gün ýurdumyzyň dünýäde awtoulag gurluşygy ulgamynda öňdebaryjylaryň biri hökmünde ykrar edilen Russiýanyň «KAMAZ» kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmagyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Kazana saparynyň öň ýanynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň 2000 sanysyny tapgyrlaýyn satyn almak hakyndaky karara gol çekendigini bellemek gerek. Şu we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bir gün öň bu ýere gelen ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň tatarystanly kärdeşleri bilen bolan duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda geçiriljek nobatdaky gepleşikler birek-birege ynanyşmagyň we tüýs ýürekden dostlugyň, bilelikde işlemegiň baý oňyn tejribesiniň we taryhy-medeni taýdan ýakynlygyň esasynda özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmaga ýardam berer.

...Düýn irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady.

...Üç sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Haly ýodajygynyň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize duz-çörek we däp bolan çak-çak tagamyny hödürleýärler hem-de gül desselerini gowşurýarlar.

Soňra milli Liderimizi Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow mähirli mübärekleýär, bu sapar onuň çakylygy boýunça amala aşyryldy. Belent mertebeli myhmany Tatarystanyň Döwlet geňeşiniň başlygy F.Muhametşin, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministri Alekseý Pesoşin, Kazan şäheriniň häkimi I.R.Metşin we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.

Soňra Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Tatarystan Respublikasynyň esasy kärhanalarynyň senagat önümleriniň sergisine tarap ugrady.

Uly meýdanda Tatarystanyň senagat kuwwatyny şöhlelendirýän dürli pudaklaryň köp görnüşli önümleri ýerleşdirildi. Mysal üçin, bu ýerde Russiýanyň esasy awiagurluşyk merkezleriniň biri bolan Kazanda öndürilen awiasiýa tehnikasy görkezildi. Şeýle hem bu ýerde oba hojalyk maksatly, 560 kilograma çenli ýük göterijiligi bolan howa himiýa işleri üçin niýetlenen uçarlary görmek bolýar.

Ýörite enjamlar bilen üpjün edilen «Ansat» lukmançylyk dikuçary döwlet Baştutanymyzyň ünsüni çekdi. «Kazan wertolýot zawodynyň» ýolbaşçysy belent mertebeli myhmana bu ulagyň tehniki häsiýetleri barada habar berip, bu kysymly tehnikanyň ýörite Türkmenistanyň şertleri üçin uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen wekiliýetiniň degişli ýolbaşçylaryna bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Maşyngurluşygy we metaly gaýtadan işlemek, himiýa hem-de nebithimiýasy, nebiti çykarmak, elektrik energetikasy Tatarystan Respublikasynyň senagatynyň esasy pudaklary bolup durýar. «Tatneftiň», «KER-Holdingiň» önümleri görkezildi. Sergide oba hojalyk maşynlary we dürli işleri ýerine ýetirýän traktorlar, dürli senagat enjamlary hem-de köp görnüşli gurallar möhüm orun eýeledi.

Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag korporasiýasy bolan «KAMAZ» hem özüniň önümlerini görkezdi. Olaryň hatarynda ýük maşynlary, tirkegler, täze görnüşli awtobuslar we beýleki ulag serişdeleri, şol sanda «Daimler» (Merсedes-Benz) nemes kompaniýasy bilen bilelikde öndürilýän ulaglar bar. Bular kuwwatly «Merсedes-Benz» hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan hem-de sowadyjysy we özbaşdak ýyladyjysy bolan oňaýly iş orunly 32,4 tonna çenli ýük göterijilikli ýüküni özi düşürýän gurluşyk tehnikalarydyr.

Açyk sergi meýdançasynda, şeýle hem Selsiýa boýunça +40-dan -40-a çenli aralykdaky derejede işe ukyply ýagdaýy bolan elektrobus görkezildi. Ol tok arkaly güýçlendirmezden 50 kilometr aralygy geçip bilýär, tok arkaly tiz güýçlendirmek mümkinçiligi bolsa, ony islendik şäher ugurlarynda peýdalanmaga ýagdaý döredýär.

2006-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli Türkmenistan tarapyndan «KAMAZ» awtoulaglarynyň 7,5 müňe golaýynyň satyn alnandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň şu kysymly tehnikalaryň ABŞ-nyň 162,7 million dollaryndan gowrak möçberindäkisini satyn almak baradaky täze çözgüdi öňden gelýän hyzmatdaşlaryň gatnaşyklarynyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz we Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy sergä syn etmegiň barşynda özara gatnaşyklary innowasion derejä çykarmagyň geljegini, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda geljegi uly senagat taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge maýa goýumlaryny goýmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Howa menzilinden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap ugrady. Şol ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşýär.

Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ikiçäk görnüşde duşuşyk geçirdiler.

Tatarystanyň ýolbaşçysy türkmen Liderini mübärekläp, şeýle ýokary derejeli mertebeli myhmany kabul etmegiň uly hormatdygyny we muňa şatdygyny hem-de ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň geçirilendigini, şeýle hem bu iş saparynyň «Sabantuý» tatar milli baýramçylygy bilen gabat gelmeginiň has-da ýakymlydygyny belledi.

Biz Siziň däp-dessurlara neneňsi aýawly garaýandygyňyzy bilýäris, Siziň başlangyjyňyz netijesinde, Nowruz baýramçylygynyň dünýä derejesine eýe bolandygyny, Siziň ýurduňyzda halkyň mirasyny, medeni gymmatlyklaryny gorap saklamaga neneňsi uly üns berilýändigini görýäris diýip, Tatarystanyň Baştutany aýtdy. Biz hem özümiziň özboluşlylygymyzy görkezmek isleýäris. Çünki biziň halklarymyz taryhy taýdan ýakyndyr, olar gadymy ruhy-medeni gatnaşyklar bilen arabaglanyşyklydyr diýip, Rustam Minnihanow belledi hem-de Tatarystanyň topragynda Türkmenistanyň Prezidentini garşylamagyň örän uly hormatdygyny ýene-de bir gezek nygtap, öz sözlerini «Hoş geldiňiz!» diýen sözler bilen hem rus, hem türkmen dillerinde jemledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik we göwnaçyklyk üçin Tatarystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy we onuň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň özara bähbitleriň hemme ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmäge taýýar bolan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu saparyň taraplaryň hoşniýetli erki, özara hereketleriň toplanan üstünlikli tejribesi hem-de onuň kuwwatly mümkinçiligi esasynda goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Dostlukly we şonuň bilen birlikde, örän işewür ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we senagat ulgamyny, ýangyç-energetika toplumyny we oba hojalygy görkezdiler. Söhbetdeşler däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim-ylym ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berip, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky netijeli aragatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda pikirlerini aýtdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Tatarystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmanyna türkmen-tatar gatnaşyklaryny goldaýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň şu saparyna hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde baha berilýändigini nygtady. Şu goldawyň netijesinde gatnaşyklar okgunly ösdürilýär we täze ugurlar bilen baýlaşdyrylýar. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şeýle hem türkmen we tatar halklaryny köp zatlaryň, şol sanda dil we medeni umumylygyň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki halkyň özara gyzyklanmasyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ulgamlaýyn strategik häsiýetini nazarda tutup, Kazanda Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak baradaky teklibi aýtdy.

Milli Liderimiz Rustam Minnihanowa Kazana gelmek baradaky çakylyk, myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Diňe şu ýylyň dowamynda biz Tatarystanyň Prezidenti bilen eýýäm ikinji gezek duşuşýarys. Munuň özi biziň halklarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkdigine, hyzmatdaşlygyň ýola goýlan iş gurallarynyň bardygyna şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklar ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlyk babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Türkmenistan we Tatarystan kuwwatly senagat mümkinçiligine eýedir. Biziň öňümizde köp taslamalar bar, olaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda türkmen-tatar gatnaşyklary Russiýa bilen döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar, onuň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan Tatarystan özüniň ägirt uly serişdeler — senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklar jähtinden möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowyň Kazanda Türkmenistanyň konsullygyny açmak baradaky teklibini diňe bir goldaman, eýsem, türkmen we tatar paýtagtlaryny baglanyşdyrýan howa gatnawlaryna isleg artan halatynda, onuň sanyny köpeltmegiň mümkinçilikleri barada hem aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Siziň Respublikaňyzyň arasyndaky gatnaşyklara goşmaça kuwwatly itergi berildi. Munuň özi bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Tatarystanyň kärhanalary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdürilýär. Şol kärhanalar we kompaniýalar Türkmenistanda ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlar hökmünde ykrar edildi. Şu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «KAMAZ» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzdaky işini aýratyn belläp, häzirki wagtda türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda bu meşhur awtoulaglaryň giňden ulanylýandygyny, olaryň özlerini diňe gowy tarapdan görkezendigini nygtady.

2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda «KAMAZ-yň» okuw-hyzmat merkezi üstünlikli işleýär. Şeýle merkezler Mary we Balkan welaýatlarynda hem döredildi. Şu gün dürli kysymly «KAMAZ» awtoulaglarynyň 2 müň sanysyny satyn almak barada ylalaşyga gol çekilýändigini hem-de şonuň ýaly satyn alynmalaryň geljekde hem maksat edinilýändigini göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz maddy-enjamlaýyn binýat we ony giňeltmek boýunça hyzmat ediş işlerini güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.

Awiagurluşyk ulgamynda Kazanyň dikuçar zawody bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Onuň önümleri Türkmenistanyň halk hojalygynda ulanylýar. Hyzmatdaşlarymyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirdi. Şu gün senagat sergisinde görkezilen howa tehnikalaryny, deňiz gämilerini we önümleriň ençeme beýleki görnüşlerini satyn almaga ýurdumyz gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanda ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary hilli hem-de eksport ugurly önümleriň köp görnüşleriniň öndürilmegini göz öňünde tutýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nebit çykarmak we nebiti gaýtadan işlemek ulgamynda, nebithimiýa senagatynda «Tatneft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygymyzyň uly mümkinçilikleri bar.

Şu babatda Türkmenistan we Tatarystan hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we şu gün bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Umuman, türkmen-tatar söwda-ykdysady gatnaşyklary pudaklaryň köpüsini öz içine alýar. Olaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezen oba hojalyk maşynlaryny, beýleki ýörite tehnikalary we enjamlary ibermek, şeýle hem gämi gurluşygy, motor gurluşygy, azyk we gaýtadan işleýän senagaty, oba hojalyk ulgamlary we beýleki pudaklar bar. Mundan başga-da, agrar, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda üstünlikli gatnaşyk edip bileris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň işewür toparlarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şu babatda ikitaraplaýyn işewür forumlary geçirmek tejribesi özüni gowy tarapdan görkezdi. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, täze usullary we ugurlary gözlemäge gönükdirilen gepleşikler alnyp barylýar.

Ynsanperwer gatnaşyklary Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe aýratyn orun eýeleýär. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, diliň ýakynlygy, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirýär. Häzirki döwürde taraplaryň ikisi hem olary ösdürmek we baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalary edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Indi birnäçe ýyldan bäri biz ýaşlarymyzy Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerine okamaga iberýäris. Bu ýerde olar tehniki, ynsanperwer, medeni we sport hünärleri boýunça bilim alýar. Munuň özi bu ugurdaky işiň başlangyjydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistandan Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän talyplaryň sanyny ýylsaýyn artdyrmagy, işgärleri taýýarlamagyň ugurlaryny yzygiderli giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Tatarystanyň uniwersitetleriniň we institutlarynyň arasynda göni ylym-bilim gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýykdygyny belledi. Milli Liderimiziň pikirine görä, şeýle usul bilim ulgamynda bilelikdäki işiň mazmunyny baýlaşdyrar.

Ylmy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak türkmen-tatar gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat esas bolup durýar. Däp bolşy ýaly, Tatarystanyň alymlary, döredijilik toparlary ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy we medeni çärelere gatnaşýarlar. Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklarynyň arasynda öňden gelýän hoşniýetli dostluk we özara düşünişmek däpleriniň pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylar üçin Tatarystan Respublikasynyň ruhy taýdan örän ýakyn toprakdygyny, Tatarystanyň halkynyň bolsa açyklygy we zähmetsöýerligi bilen hemişe biziň halkymyzda uly hormat-sarpa eýe bolandygyny nygtady. Biz soňky ýyllarda gazanylan ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli derejesine ýokary baha berýäris. Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaşymyz hasaplaýarys. Biz Siziň Respublikaňyz bilen köp ugurlar boýunça işjeň gatnaşyk ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine, biziň ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna kybap gelýändigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň köp milletli halkyna döredijilikli zähmetinde uly üstünlikler, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda Özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen «Innopolis uniwersiteti» awtonom täjirçilik däl ýokary bilim guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Toplumlaýyn energoösüş Holding» dolandyryjy kompaniýasy» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen W.D.Şaşin adyndaky «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Kamaz» kysymly awtoulag tehnikalaryny getirmek we olara geljekde hyzmat etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Liderleri metbugat üçin beýannama bilen çykyş etdiler.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýan Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna uly hoşallyk bildirdi, şol hyzmatdaşlygyň esasynda hem ençeme ugurlar — syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça iki ýurduň gatnaşyklary guralýar. Biz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara derejedäki ähli başlangyçlarymyzy hemişe goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdardyrys diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy türkmen-russiýa strategik gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölekleriniň biridir, şol hyzmatdaşlygyň hatarynda Tatarystan Respublikasy aýratyn orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz şu günki saparyň jemleri barada aýdyp, netijeli we oňyn gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň geçirilendigini, giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz žurnalistlere gepleşikleriň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk çäreleri kesgitleýän ähmiýetli resminamalaryň toplumyna gol çekilendigini habar berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz «Türkmenawtoulaglary» Agentligi bilen «Kamaz» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky ylalaşyk barada aýdyp, Türkmenistanda dürli pudaklarda — ýangyç-energetika ulgamynda, gurluşykda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda bu ulaglara uly isleg bildirilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «KER-Holding» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilendigi barada aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň meýilnamalarynda nebiti gazyp almakdan başga-da, ony gaýtadan işlemek möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, «Tatneft» bilen geljekki gatnaşyklar senagatlaşdyrmaga, nebithimiýany ösdürmäge tarap ugurlar hökmünde çig maly gaýtadan işlemek meselelerini hem özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanda innowasion ylmy-barlag işleriniň derejesine ýokary baha berdi. Munuň özi anyk üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik döretdi. Döwlet Baştutanymyz bu gün şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň arasynda resminamalaryň üçüsine gol çekilendigini aýtdy, bu bolsa türkmen-rus gatnaşyklarynda ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe, talyplary we mugallymlary, professorlary alyşmak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek babatda pikirini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlardan örän köp türkmen ýaşlarynyň bilim alýandygyny hem-de şu gün gol çekilen resminamalaryň bolsa bu gatnaşyklary ösdürmäge oňat itergi berjekdigini belledi.

Umuman, Türkmenistanyň we Tatarystanyň ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhy kökleriň ýakynlygyna esaslanan oňat geljegi hem-de däpleri bar. Iş saparymyzyň Tatarystan Respublikasynyň milli baýramy bolan «Sabantuý» bilen gabat gelmegi biziň üçin iki esse guwançlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. «Sabantuýyň» jebislikdigini, dostlukdygyny, geljekki hasylyň buşlukçysydygyny, şeýle hem şatlyk-şagalaňdygyny biz bilýäris. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, bu ýere ýygnananlary ajaýyp baýramçylyk bilen gutlady hem-de hemmelere abadançylyk, gülläp ösüş, bagtyýarlyk arzuw edip, Tatarystanyň Prezidentine çakylyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Rustam Minnihanow Kazanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübäreklemegiň belent hormatdygyny nygtap, hyzmatdaşlyga berýän ünsi we goldawy üçin Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdi. Biz söýgüli baýramçylygymyz bolan «Sabantuýa» Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşýandygy üçin minnetdardyrys, bu saparyň biziň doganlyk halklarymyzyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüljekdigine hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugyň has-da pugtalanmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn diýip, Tatarystanyň Prezidenti aýtdy.

Respublikanyň Baştutany iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän ruhy we medeni gatnaşyklaryň mizemezdigini, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

Rustam Minnihanow gönüden-göni gepleşikleriň netijeleri baradaky gürrüňe geçip, olaryň mazmunly, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň üstünlikli bolandygyny nygtady. Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin örän möhüm resminamalara gol çekildi we oňat itergi berildi diýip, Tatarystanyň Prezidenti aýtdy hem-de belent mertebeli myhmana, Türkmenistana wekilçilik edýän hökümet agzalaryna we ýurduň medeniýet ulgamynyň işgärlerine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Respublikanyň Baştutany Tatarystan tarapyndan hem şeýle gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin işleriň işjeňleşdiriljekdigine ynandyrdy hem-de doganlyk Türkmenistana gülläp ösüş we üstünlikleri arzuw etdi.

...Birnäçe wagtdan Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň bilelikdäki awtoulag kerweni «Sabantuý» baýramçylygynyň geçiriljek ýeri bolan Mirnyý etrabynyň «Berýozowaýa roşşa» tokaýlyk meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde ertirden bäri aýdym-saz ýaňlanýar hem-de köpçülikleýin gezelençler bolup geçýär.

Amfiteatryň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdança gelensoňlar, türkmen Liderini we Tatarystanyň Baştutanyny meşhur döwlet we syýasy işgäri, Tatarystanyň ilkinji Prezidenti, häzir bolsa Döwlet geňeşçisi Mintimir Şaýmiýew hem-de Kazanyň häkimi, şeýle hem iki ýurduň artistleri aýdymlar, türkmen we tatar tanslary, milli toý saçaklary, çak-çak we pişme bilen garşyladylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Rustam Minnihanowy amfiteatra çagyrýarlar, bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda owadan folklor çykyşlary başlanýar.

Konsert tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlary Mintimir Şaýmiýew bilen bilelikde, Respublikanyň Munisipal etraplarynyň milli sergilerini synladylar. Sergide däp bolan ýaşaýyş jaýlary we kerwensaraýlar, gadymy senetçilik, milli oýunlar we güýmenjeler görkezildi. Bu ýerde sazlar ýaňlanýar, şadyýan aýdymlar, çagalaryň gülküsi al-asmana göterilýär. Mertebeli myhmanlaryň barýan ugrunda hemme ýerde olary şatlyk bilen mübäreklediler, ýadygärlik hem-de halk döredijilik önümlerini sowgat etdiler.

Bu ýerde türkmen ak öýi hem görkezildi, halkymyzyň tebigatyň gözel künjekleri şekillendirilen döwrebap suratlar bilen üsti ýetirilen amaly-haşam sungatynyň eserleri guraldy. Baýramçylygyň myhmanlary üçin biziň ýurdumyzyň döredijilik toparlary halkymyzyň gelin toý däpleriniň äheňi esasynda folklor-etnografiýa kompozisiýasyny görkezdiler.

Gapdalda Türkmenistanyň neşirýat önümleriniň sergisi ýerleşdirilip, onda mekdebe çenli ýaşdaky çagalara niýetlenen çeper edebiýatdan başlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işlerine çenli köp görnüşli kitaplary görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu baýramçylygyň bir gün öňüsyrasynda milli Liderimiziň kitaplary iki halkyň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşantlary hem-de oňat okuwlary üçin Tatarystanda bilim alýan talyplara sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça guralan ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň ýaş türkmenistanlylar bilen duşuşyklary Powolžsk döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk akademiýasynda hem-de Kazan federal uniwersitetinde geçirildi. Myhmanlar şeýle hem maglumat tehnologiýalarynyň we intellektual ulgamlaryň ýokary mekdebine baryp gördüler.

...Mirnyý etrabyndaky sergide bolsa «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ensiklopediýasy bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. Onda beýan edilýän taýýarlanyş usullary boýunça şu ýerden birki ädimlikde dürli otlardan we olaryň garylmagyndan örän täsir ediji içgiler taýýarlanylýar. Adamlar olardan diňe bir kanagatlanmak bilen dadyp görmän, eýsem, doganlyk ýurtdan güneşli salam hökmünde bejeriş fitoýygyndylary bolan oňaýly gaplyja önümleri ýanlary bilen alyp hem gidýärler.

Biraz aňyrrakda bolsa türkmen milli tagamlarynyň kalbyňy heýjana salýan datly önümleri paýlanýardy. Bu ýerde toý pişmelerinden we beýleki nygmatlardan datmak mümkin boldy. Şoňa görä-de, isleg bildirýänlerden ýaňa, uly bolmadyk nobat hem döredi. Hemmeler ak öýleriň ýanynda hem-de nurana türkmen haly önümleri, milli egin-eşikler, keteniler, nagyşlanan el işleri we şaý-sep sungatynyň geň galdyryjy nusgalary goýlan sergi bölüminiň ýanynda surata düşüp, türkmen milli özboluşlylygyny ýadygärlik alyp galmaga ymtyldylar. Her kim telpek geýip görmek isledi, bedewlere niýetlenip kümüşden we köpdürli reňklerden taýýarlanan bezegler barada uly höwes bilen gyzyklandylar, islendik adam ýumşak türkmen halylarynda rahat oturyp, joşgunly täsirleriň duýgusyna beslenip, dynç alyp hem bildi.

Ine-de, hemmeler uly konsertiň geçiriljek baş meýdançasyna ýygnandylar. Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleri öz orunlaryna geçýärler. Çykyş Tatarystanyň döredijilik toparlarynyň, aýdymçylarynyň gatnaşmagynda «Kazan solgese» diýen teatrlaşdyrylan sahna bilen açyldy.

Göýä ýer sürýän ýaly azally at baýramçylygyň özüni, onuň ekerançylyk köklerini alamatlandyrdy. Şoňa görä-de, şu gün dabarada öz zähmeti bilen ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmek, oba hojalyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak baradaky möhüm wezipeleri çözýän adamlary hormatladylar.

Soňra baýramçylyk konserti başlandy. Onuň maksatnamasyna tatar estradasynyň ýyldyzlarynyň we Kazanyň, tutuş Respublikanyň iň oňat döredijilik toparlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur artistleriniň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary girizildi.

Türkmen halkynyň adyndan aýdym-saz mübäreklemesi hökmünde «Salam, dostlar!» diýen aýdym ýaňlandy. Onuň dowamynda monitorda Tatarystanda hem uly sarpa goýulýan ahalteke bedewleri hem-de ýurdumyz baradaky beýleki şekiller görkezildi. Türkmen ýerine ýetirijileri, şeýle hem tomaşaçylary milli saz gurallarynda ussatlyk bilen ýerine ýetirilen özboluşly mukamlar bilen şatlandyrdylar. Horeografiýa toparlary ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdiler.

Ýöne bu ýere ýygnananlar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we

Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna «Arzuw» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi hakyky garaşylmadyk sowgada öwrüldi. Konserti alyp baryjynyň yglan edişi ýaly, bu aýdym «Sabantuý» baýramçylygyna türkmen Lideriniň aýdym-saz sowgadydyr.

Küştdepdi tansy gadymy türkmen medeniýetiniň ýüzüni görkezdi. Ol birleşen tans topary tarapyndan mizemez baky juwanlygy bilen ýerine ýetirildi. Türkmenleriň däp-dessur tansy üýtgeşik depgini hem-de gaýtalanmajak sazlaşyklygy bilen tatarystanlylary haýrana goýup, hemmeleri ruhubelentlige we egsilmez päklige besledi.

Çykyşlar tamamlanandan soň, pälwanlar guşakly göreş boýunça göreş tutdular: düşekçeleriň ikisinde tatar kureşi hem-de türkmen göreşi boýunça ussatlaryň tutluşyklary boldy, tomaşaçylar bolsa sportuň bu milli görnüşleriniň hem ýakynlygyny, hem düzgünlerindäki we tehnikasyndaky tapawutlylygy görüp bildiler. Ýeňijilere baýrak hökmünde, gadymy döwürde bolşy ýaly, iki sany goýun meýdança çykaryldy. Garşydaşlaryndan üstün çykan pälwanlar mynasyp bolan bu sylagyny öz eginlerine alyp gitdiler.

Baýramçylygyň sport böleginde güýçlüler we çalasynlar üçin däp bolan beýleki güýmenjeler, çagalar üçin oýunlar hem-de tatar halkynyň mirasyny emele getirýän ýene-de ençeme zatlar görkezildi.

Häzir Türkmenistanda hem bu ugurda maksada gönükdirilen uly işler geçirilýär, möhüm we gyzykly taslamalar amala aşyrylýar, taryhy-medeni mirasy öwrenmek hem-de wagyz etmek üçin hemme şertler döredilýär. Biziň topragymyzda öz yzyny goýan ýüzlerçe nesilleriň durmuşyny beýan edýän däp-dessurlara bolan gatnaşyk — munuň özi adamlaryň medeni derejesi we olaryň geçmişe goýýan hormaty bilen birlikde, döwletiň ösüş derejesiniň hem görkezijisidir. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-tatar we umuman, halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz düzüm bölegidir, şoňa görä-de, milli Liderimiziň Kazana häzirki sapary, biziň artistlerimiziň uly wekiliýetiniň «Sabantuý» baýramçylygyna gatnaşmagy, gürrüňsiz suratda, medeni aragatnaşyklarymyzyň gerimine itergi berer.

Köpçülikleýin baýramçylyga gatnaşmagyndan başga-da, türkmen sungat ussatlary şol gün agşam Kazandaky Galiasgara Kamala adyndaky tatar teatrynda konsert berdiler. Oňa gatnaşan tomaşaçylaryň arasynda Tatarystanda bilim alýan türkmen talyplary hem boldy...

...Mirnyý etrabyndaky dabaralar tamamlanandan soň bolsa, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow bu ýerden ugradylar. Biraz wagtdan Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan şäheriniň halkara howa menziline geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlan gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berip, Tatarystanyň ýolbaşçysy bilen mähirli hoşlaşdy hem-de ony Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny belledi. Tatarystanyň Prezidenti netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary bellenen bu sapary üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ak ýol arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşyp duran «Boinge» mündi, uçar Aşgabada tarap ugur aldy.

Şu gün agşamara hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Russiya Federasiyasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu gezekki saparyň örän netijeli bolandygyny we onuň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny äşgär edendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli, netijeli häsiýete eýe bolup durýar. Türkmen-tatar gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Onuň esasynda özara gatnaşyklaryň toplanan ygtybarly tejribesi we köpugurly mümkinçilikler bardyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Nygtalyşy ýaly, Tatarystan Respublikasynda geçirilen duşuşyklarda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn çözgütler kabul edildi. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn itergi berjek çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilendigini belläp, sol resminamalaryň däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny we köpugurly esasda ösdürilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallara hem-de köp sanly döredijilik forumlara gatnaşmagy döredijilik gatnaşyklarynyň ösmegine we özara baýlaşmagyna, dostluk hem-de özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly wezipelere möhüm orun berildi.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürjekdigini nygtady hem-de bu ugurda bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de köp ugurlar boýunça netijeli sebit we sebitara gatnaşyklary höweslendirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Maslahatyň dowamynda degişli pudaklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, düzümleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Şeýle hem hasabatyň çäginde milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işler barada habar berildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, galla oragyny netijeli we guramaçylykly geçirmek ugrunda edilýän tagallalar barada aýdyldy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa uly rowaçlyklar arzuw etdi we bu ýerden ugrady. (TDH)



Degişli Habarlar