Yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy

Bu fo­ru­myň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, oňa gat­na­şy­jy­lar ne­mes hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­lan bir­nä­çe kär­ha­na­lar­da bo­lar­lar

963642
Yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy

Düýn paý­tag­ty­my­zyň “Ýyl­dyz” myh­man­ha­na­syn­da ýur­du­my­zyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe mi­nistr­li­gi bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň Yk­dy­sa­dy­ýet we ener­ge­ti­ka fe­de­ral mi­nistr­li­gi hem-de Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ger­man jem­gy­ýe­ti­niň se­bit­le­ýin mak­sat­na­ma­sy bi­len bi­le­lik­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň do­lan­dy­ryş iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan fo­rum ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de mas­la­hat­lar we ge­ňeş­me­ler bol­dy.

Du­şu­şy­ga Türk­me­nis­ta­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň, GFR-iň il­çi­ha­na­sy­nyň, dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri, ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­ler gat­naş­dy­lar.

Türk­men-ger­man söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ber­ki­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin do­lan­dy­ry­jy iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sat­na­ma­sy her ýyl­da döw­let eda­ra­la­ry­nyň we te­le­ke­çi­le­riň on­lar­ça­sy­nyň hü­när de­re­je­le­ri­ni hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, türk­men we ne­mes hu­su­sy kär­ha­na­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň in­te­rak­tiw tej­ri­be okuw­la­ry­nyň do­wa­myn­da ne­mes işe­wür me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry öw­re­nil­ýär. Işe­wür­li­gi do­lan­dyr­ma­gyň we gep­le­şik­le­ri alyp bar­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry öz­leş­di­ril­ýär.

Çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça sy­ýa­sa­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­me­giň, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­çi­li­giň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly tä­ze pu­dak­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ni na­zar­la­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men-ger­man bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy he­re­ket ed­ýän on ýy­ly­nyň do­wa­myn­da döw­rüň sy­na­gyn­dan ge­çip, iki dost­luk­ly ýur­duň döw­let eda­ra­la­ry­nyň we hu­su­sy dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ni äş­gär et­di.

Bu fo­ru­myň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, oňa gat­na­şy­jy­lar ne­mes hyz­mat­daş­la­ry bi­len öza­ra gat­na­şyk bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­lan bir­nä­çe kär­ha­na­lar­da bo­lar­lar. (TDH)



Degişli Habarlar