Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar

Duşuşykda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

2131224
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Türkiýä gelen Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen duşuşar.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Türkiýä gelen kärdeşi Ştaýnmaýer bilen Prezidentiň Kompleksinde duşuşar.

Duşuşykda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylar.

Ysraýylyň Palestina guraýan hüjümleri, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar, Ukraina-Russiýa söweşi we Türkiýe-ÝB gatnaşyklary meselesi hem gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

 



Degişli Habarlar