Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi

Prezident Erdogan kabul edilşikde çagalaryň 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramyny gutlady.

2131249
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi

Prezident R. T. Erdogan, Prezidentiň Kompleksinde Milli bilim ministri Ýusuf Tekiniň ýolbaşçylygyndaky çagalary kabul etdi.

Prezident Erdogan kabul edilşikde çagalaryň 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramyny gutlady.

Erdogan, Türkiýedäki çagalar bilen birlikde bütindünýä çagalaryň baýramynda çagalary Prezidentiň Kompleksinde myhman almakdan hoşaldygyny aýtdy.

TBMM-niň ilkinji başlygy, Milli Azat edijilik söweşiniň baş serkerdesi, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Gazi Mustafa Kemal Atatürkiň başda durmagynda Türkiýäniň galkynyşyna uly goşant goşan her bir adamy uly hormat bilen hatyralaýandygyny nygtan Erdogan, 23-nji aprelde, Çagalar baýramy bilen birlikde TBMM-niň açylşynyň 104 ýyllygynyň hem bellenilip geçilýändigini ýatladyp;

“Taryhymyzda şeýle möhüm günüň, gelejegimiziň kepilnamasy bolan çagalara sowgat edilmegi elbetde tötänleý däldir. Bu, döwletimiziň diňe çagalara däl şol bir wagtda öz gelejegine hem uly ähmiýet berýändiginiň görkezijisidir. Biz hem Türkiýe asyry maksadymyzy size amanat etdik. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hökmünde her biriňiziň şol amanady gorak saklajakdygyňyza tüýs ýürekden ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar