Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär

Türkiyäniň çar tarapynda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy uly şowhun bilen bellenilip geçilmäge dowam edilýär

2131129
Ýurtda 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Giňden Bellenilip Geçilýär
numan kurtulmus 23 nisan anitkabir.jpg
istanbul havalimani 23 nisan.jpg
kapadokya 23 nisan.jpg
23 nisan anitkabir.jpg

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan gününiň 104-nji ýyly we 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli paýtagt Ankara şäherinde ýerleşýän mejlisdäki Atatürk ýadygärliginiň öňünde dabara geçirildi. 

Dabarada TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş Atatürk ýadygärligine gyzyl we ak gwozdika güllerinden ybarat gül desselerini goýdy. 

Numan Kurtulmuşyň ýolbaşçylyk etmegindäki döwlet resmileri hem Türkiye Respublikasynyň esasalandyryjysy Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabirde geçirilen çärä gatnaşdylar. 

Anytkabiriň ýörite depderine gol goýan Numan Kurtulmuş: "Respublikamyzyň ikinji asyryny Türkiye asyryna öwürmek üçin bar güýjümiz bilen zähmet çekýäris" diýip belledi. 

Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin hem mugallymlar we okuwçylar bilen bilelikde Anytkabire zyýarat etdiler. 

Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin Anytkabiriň ýörite depderine: "Eziz Atatürk, Sizden alan ylhamymyz we eziz milletimizden alan güýjümiz bilen, bu jennet watany has hem özgertmekde tutanýerlidiris" diýip belledi. 

23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy Stambul howa menzilinde geçirilen dabara bilen hem bellenilip geçildi.

Newşehir welaýatynyň syýahatçylyk zolagy Kappadokiýada bolsa şu gün ir ertir bilen ýokary galan howa şarlary 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli Türkiyäniň baýdagy bilen asma göterildiler. 

Wan welaýatynyň Erjiş etrabynda hem okuwçylar obalarynda ýöriş geçirdiler. 

Obanyň ýaşaýjylary ýörişe gatnaşan okuwçylara süýji we şokolad sowgat etdiler. 



Degişli Habarlar