Şu gün 23-nji Aprel

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň açylan güni we Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň çagalara sowgat hökmünde goýan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy

2130924
Şu gün 23-nji Aprel

Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagyndaky iň uly ädim mundan 104 ýyl ozal edildi. 

Beýik Millet Mejlisi bir ýere jemlendi. Anadoly uruşlardan ýaňy çykypdy we örän ýadawdy. 

Mejlisiň açylmagy bilen halk, Mustafa Kemal Atatürkiň öňbaşçylyk etmeginde öz ykbalyny kesgitlemek üçin ädim etdi. Mundan beýläk özygtyýarlylyk şertsiz ýagdaýda millete degişlidi.

Şondan bäri 23-nji aprel eýýäm 1 asyrdan gowrak wagt bäri bellenilip geçilýär. 

Atatürk başyndan bäri Milli Azat edijiligi mejlis we milli ygtyýar bilen amala aşyrmak isleýärdi. Her bir göçüminde millete wekilçilik etjek ygtyýara ýetmek isleýärdi. Şony şu sözleri aýdardy: "Bütin älem jahan bilsin: Indi bu milletiň başynda hiç bir wezipe ýokdur. Diňe bir güýç bardyr, ol hem milli özygtyýarlylykdyr". 

Mustafa Kemal Atatürk milletiň ykbalyny, milletiň özüniň kesgitlemeginiň zerurdygyny şu sözler bilen aýdýardy: Diňe bir wezipäniň bardygyny, ol wezipäniň hem milletiň kalby we wyždanydygyny belleýärdi. 

Mejlis 1920-nji ýylda 23-nji aprelde Ankara şäherinde juma namazyndan soň milletiň doga-töwwirleri bilen açyldy. 

Mejlis ilkinji gün 115 wekil bilen ýygnandy. Açylyşda çykyşy iň ýaşuly agzasy Sinop welaýatynyň deputaty Şerif Beg ýerine ýetirdi. 

Gazy Mustafa Kemal sesleriň köplügi bilen mejlisiň başlyklygyna saýlandy. Ankarada täze bir döwletiň düýbi tutuldy. 

Kynçylyklara garamazdan, garaşsyzlyk ugrundaky göreşde milli ygtyýar agdyklyk etdi.  

23-nji aprel 1921-nji ýylda Milli baýram hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy. 

Beýik Lider Atatürk bu baýramy 1929-nji ýylyň 23-nji aprelinde çagalara bagyş etdi. 

Atatürkiň 23-nji apreli çagalara bagyşlamagynyň sebäbi diňe bir olara bolan söýgüsi däldi.

Gazy Mustafa Kemal çagalary milli özygtyýarlylygyň esasy hökmünde garaýardy. 

Ýetim çagalara eýe çykmak respublikany esaslandyryjylaryň iň möhüm meselelerinden biri boldy.

Atatürkiň çagalara beren sowgady dünýäde uly gyzyklanma döretdi we takdyr edildi. Çagalaryň hukuklary we geljegi üçin göreldeli karar hökmünde taryha girdi.



Degişli Habarlar